Hawa,türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyndan, onuň beýleki halklar bilen doganlyk-dostluklaryny gatnaşyklaryndan gyzykly maglumatlary berýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly dür-dänesi ýaly gymmatly kitaby biziň söýüp okaýan kitabymyzydyr. Bu kitap 2017-nji ýylyň iň begençli, ýatda galyjy wakalarynyň biri bolup, dünýä ýaň salmak bilen Nowruz ýaýlasynda gurlan Ak öý binasynda geçirilen Ýaşulular Maslahatynda halkymyzyň eline gowuşdy. Türkmen halky edil şol günden bäri pähim-paýhasyň, taryhy maglumatlaryň, aýdym çeşmesi bolan bu ajaýyp eseri özleriniň ýankitabyna öwürdiler. Gadymy Çyn-Maçyn ýurdundan gözbaş alýan Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň belli şäherleriniň üstünden geçipdir. Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýüpek ýolunyň üsti bilen diňe harytlar getirilmän, kerwen bilen bile gelýän kyssaçylaryň, alymlaryň, köpi gören argyşçylaryň, berýän maglumatlarynyň örän taryhy ähmiýetlidigini bellemek bilen, olar barada rowaýatlar arkaly, anyk ylmy gürrüňler arkaly baý maglumatlaryny beýan edýär. Bu kitabyň esasy gymmaty hem türkmen halkynyň mertligi, olaryň myhmansöýerligi, ýurdumyzda dünýä belli alymlaryň, şahyrlaryň dünýä medeniýetine goşan saldamly goşantlary barada, taryhy galalarymyz hakynda, baý mirasymyz hakynda çeper hem täsirli beýan edilýänligindedir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ilatly ýerleriň, şäherleriň geografik taýdan ýerleşişini öwrenmekde orta asyr alymlarynyň düzen kartlarynyň, syýahatçylarynyň ýazan eserleriniň gymmatly çeşmesidigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Kitapda paýhas çeşmesi bolan kitaba söýgini artdyrmaga göwünden-görki ýol açýan gyzykly hekaýatlar, dostluk-doganlyk, sahawatlylyk hakda, zenanlarymyzyň hem erkek kişilerden pes bolmadyk merdanalygy hakda, ylym-bilim, onuň peýda barada täsirli gürrüňler, rowaýatlar köp. Ýönekeýje bir mysala ýüzleneliň, türkmen zenanlarymyzyň mertliginiň deňi-taýy bolmandygyny olaryň “Nusaý” galasyny goraýyjylarydygyny eşiden araplaryň Orta Aziýa gelenlerinde, ýagny Nusaýa gelende ol galany goraýjylaryň hatyrasyna “Nisa” diýip (arapça zenan) at berendigini aýtsa bolar. Eserde alym Muhammet al Abywerdiniň paýhasly maslahaty bar: “Eger bir işiňiz ugrukmasa şu üç işi etmegi maslahat berýär. 1. Sadaka bermegi, ýagşylyk etmegi, kitap okamagy. Şol işleri edensoň işiň ugrugyp gidişine haýran galarsyň” diýipdir. Görşüňiz ýaly, bu ajaýyp kitap ýaşaýşyň ähli ugurlary boýunça giň maglumat bermek bilen adamlara şol maglumatlar arkaly ruhy-ahlak gymmatlyklaryň bahasynda ýetip bolmajak peýdasynyň bardygyny düşündirýär. Hormatly Arkadagymyzyň beýik terbiýe mekdebi bolan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň dünýä ýaý salmagy biziň buýsanjymyz hem guwanjymyzdyr. Bu ajaýyp kitaby peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Galamy ýiti, gadamy batly, ýazýan we ýazjak eserleri hemişe datly bolsun!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir