"Tramadol" derman serişdesiniň düzüminde tramadolyň gidrohloridi bolup, bu derman serişdesi "alkogoliki" kesellerinde agyryny aýyryjy hökmünde ulanylýar. Bu derman serişdesi bimaksat ulanylanda adam bedeninde şu aşakdaky keseller emele gelýär.
Az mukdarda ulanylanda: (45-50 mg.):
- Adam organizminde allergiýa döreýär;
- Aşgazan keselleri yüze çykýar:
- Baş aýlanma we ýürek bulanma emele gelýär.
Yzygiderli ulanylanda:
- Özüne garaşly edýär;
- Garaguş keseliniň döremegine getirýär;
- Bagyr we böwrek ýetmezçiligini emele getirýär;
- Önelgesizlik döredýär.
Şonuň üçin geliň talyplar.com-ynyň agzalary we ähli ildeşlerimiz bolup, öz bedenimizi bejergisi kyn bolan kesellerden, sagdyn nesiliň döremegine ters täsir edýän endiklerden goramak maksady bilen bu ýagynyň garşysyna jemgyýet bolup göreşeliň!