Gerekli zatlar: 5 adamlyk 1 çaý käsesi yag 5 çaý käsesi tüwi 1 kg käşir 2 nahar çemçesi duz 1 kg et(gymmat bolsa towuk eti hem bolar:)) 1 sogan we islege bagly 1 düyp sarymsak Taýýarlanyşy: Ilki bilen gazanyň içine ýagy guýup eti gowurmaly, ondan soň etiň bişmegine ýakyn sogan atyp biraz gowurmaly. Soň käşiri atyp 5 minut ýaly gowuranyňdan soňra 7-8 çay käsesi suw guýup gaýnamagyna garaşmaly. Suw gaýnanyndan soňra bolsa tüwini atyp, tüwi suwy çekýänçä gaýnatmaly. Soňra bolsa gazanyň aşagyny peseldip gazanyň agzyndan bug çykmaz ýaly gowja gapagyny yapmaly. 15-20 minutdan soňra bolsa palawy agdaryp durmaly. Soňra dadyp görüp, bişen bolsa gazanyň aşagyny öçürip iýibermeli. Işdäňiz açyk bolsun!

Köneler, MerjenLB tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir