Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Köpden bäri täze mowzuk açmandym. Men kämahal nebsime ýeňilýärin. Nebsiň bolsa iň oňat dostlaryndan biri şeýtan, elbetde, bu ýagdaýa görä üýtgäp bilýär, men umumy manyda aýdýaryn. Eger ikisi özara düşünişäýseler, onda säwlikler we günäler zynjyry başlap bilýär. Ynha, mende-de şolaryn ikisi hem aram-aram emele gelyar. Nebsiň hatalara sebäp bolýany babatda Enbiýa süresinde(oydyan) pygamber sözi bilen şeýle diýilýärdi: “Men nebsimi aklamaryn. Cunki ol hemishe erbetligi islar. Biribaryn dilemegi munyn dashynda!(Hz.Yusup)”. Şeýtanyň bet pygyly barada bolsa, ýene-de Gurhanda şeýle beýan edilýär: “Iblis sheyle diydi: Sheyle bolsa, meni azdyranyn ucin, and icyan, men hem olary yoldan cykarmak ucin,Senin dogry yolun ustune oturjak!” Hawa, ynsan gaharyna bäs gelip bilmese, onda öz nebsiniň guly bolar we jylawyny oňa tutdyrar. Şu ýagdaýda hadysda beýan edilişi ýaly: “Gazap sheytandandyr, kim gaharlansa gitsin tamizlensin/yuwunsyn!(ayakda bolsa otursyn, dik duran bolsa otursyn we sh.m.)” etmek gerek. Gurhanda aýat halynda şeýle diýilýär: “Bendelerime sözüň iň gowularyny aýtmaklaryny bildir! Çünki şeýtan aralaryny açýandyr. Şübhesiz, şeýtan ynsanyň aýdyň duşmanydyr!” Garaz, sizem nebsinize yenilip sawlikler edyansinizdir, menin yazgylarymyn dashynda, siz name edyarsiniz sheyle hallarda?! Mana name maslahat beryarsiniz?! Netijede, hemmämiz üçin şu ýagdaýy oňat bilip, şoňa görä-de amal eden bendeleriniň hataryny goşmagyny Biribardan dilemek bn!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir