Häzirki günlerde biz Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň gün-günden kämilleşip uly ösüşlere eýe bolýandygynyň şaýady bolýarys. Goşunymyzyň düzüminde uly ähmiýetli reformalar amala aşyrylýar. Harby howpsuzlygy üpjün etmek hem-de ýurdumyza abanýan daşarky we içerki wehimlere garşy durmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin hem uly işler alnyp barylýar. Sebäbi goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagy halkymyzyň parahat ýaşamagy üçin şert bolup durýar. Ýurdumyzda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy üpjünçilik binýady berkeýär, goşunymyz täze döwrebap harby tehnikalar, serişdeler we ýaraglar bilen üpjün edilýär, şeýle-de mobilizasion ätiýaçlyk gorlary döredilýär. Şahsy düzümiň harby ussatlygyny artdyrmak maksady bilen ýygy-ýygydan okuw türgenleşikleri, harby tälimler geçirilip durýar. Mundan başga-da, her ýylda harby gullukçylarymyz hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň ýokary harby okuw mekdeplerine okuwlara ugradylýar. Umuman aýdanymyzda, ýurdumyzyň Ýaragly güýçlerinde we beýleki goşunlarda söweşjeň taýýarlyk, hünär taýdan taýýarlanyş we ýokary hilli üpjünçilik derejesi harby howpsuzlygyň talaplaryna laýyk getirilýär, goşunymyzyň ýerleşdirilmegini hem-de ýaşamagyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär.

Köneler, idolis tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir