Salam , Täze 2018-nji ýyl! Bu gün seni bagtyýarlyk döwrümizde şatlyk-şowhun bilen garşylamak, gör, nähili ýakymly. Biz seniň ýetip gelýän günleriňde ýakynlarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlap, birek-birege iň gowy arzuwlary edýäris. Bereketden doly saçaklarymyzy naz-nygmatlardan doldurýarys. Her bir ene-ata öz çagalary bilen bu baýramçylyga uly höwes bilen garaşýarlar. Täze ýyl, seniň gelmegiň bilen, mekdep okuwçylary gyşky dynç alyş möwsümine gadam basýarlar.Olar seniň ilkinji günüňde daş-töweregi ak dona bürän ak garyňdan gar adamyň şekilini ýasaýarlar. Sen özüň bilen päkize, owadan gyşy alyp geldiň. Gyşyň gelmegi bilen ýagan akja gar biziň ak arzuwlarymyzyň, ýagşy niýetlerimiziň nyşany. Ähli adamlaryň ýagşy arzuwlary bilen seni garşylaýyşlary seniň görküňi has-da artdyrýar. Çagajyklaryň Aýazbabadyr Garpamyk bilen arçanyň daşyndan aýlanýan pursatlary saňa bolan joşgunymyzy has-da ýokarlandyrýar. Goý, seniň gujagyňda her säher lowurdap dogan Güneş bize egsilmez bagtyýarlygy, şadyýanlygy alyp gelsin. Kalplara beslenýän arzuwlaryň ählisi hasyl bolsun! Öz halkyny baky bagtyýarlyga alyp barýan hormatly Prezidentimiziň işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir