Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama kabul edildi. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistan DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow habar berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň gün tertibiniň strategiki meseleleri boýunça, şol sanda ulag ulgamynda netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm ugurda, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa we dünýä bileleşiginiň ykrar etmegine eýe bolýar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli Rezolýusiýalary hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. DIM-niň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem tutuş dünýä üçin hem strategiki ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşysy Türkmenistanyň Prezidentini bu uly daşary syýasy ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize jan saglygyny, köpugurly döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belledi. Bu Rezolýusiýada Türkmenistanyň Hökümetiniň Durnukly ulag boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň birinji Ählumumy maslahatyny geçirmek bilen bagly tagallalary goldanylýar hem-de Ählumumy maslahatyň syýasy meseleleri boýunça borçnamalar we teklipler baradaky Aşgabat beýannamasy kanagatlanmak bilen bellenip geçilýär. Şeýle hem, Halkara hyzmatdaşlygyny, durnukly we yzygiderli ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny hakyndaky mesele boýunça 2014-nji ýylda ýokary derejede geçirilen “Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň orny” atly halkara maslahatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy maglumat hökmünde kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu Rezolýusiýanyň awtordaş ýurtlaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki agza döwletlerine Rezolýusiýany doly goldandyklary üçin, çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu ugurda kabul eden ilkinji Rezolýusiýasy däldir diýip belledi. Bu ýagdaýyň özi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýa başlyklyga saýlanmagy dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigine we onuň ählumumy goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Hemmeleri şu uly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz ýygnananlara berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş, halkara giňişliginde öz abraýyny barha berkidýän we artdyrýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyna esaslanyp, düýpli we yzygiderli seljerme geçirmegi hem-de durnukly ulag ulgamy boýunça indiki Ählumumy maslahaty Aşgabat şäherinde ýa-da «Awaza» milli syýahtçylyk zolagynda geçirmek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu Rezolýusiýasyndan ugur alyp, biziň kanunlarymyzy seljermek hem-de olara ykdysady taýdan sebitleýin we sebitara goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň teklipleri bilen baglanyşykly degişli üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy. Şeýle hem ulag üpjünçilik ulgamlaryny meýilnamalaşdyrmagy kämilleşdirmek, şunda ulag aragatnaşygynyň ykjamlygyny ýokarlandyrmagy we berkitmegi göz öňünde tutmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir