Çagakak “Ağlamak utanç” diydiler. Jahylkak “Aldamak utanç” diydiler. Şeydip endik etdik ağlamazlyğa. Şeydip endik etdik aldamazlyğa. Diydiler: “Köplükde gägirmek ayyp”. Diydiler: “Köçede sygyrmak ayyp”. Diydiler: “Meylisde geçmänkäñ töre Hakyñ barmy törüñ özünden sora”. Yene-de diydiler: “Ulalyp yaşyñ Garaja gyl bilen basyrlar döşüñ” “Döşüñe bityänçä şol gyl diydiler. Günäñi geçerler, ogul!” diydiler. “Döşüñe bitensoñ şol gyl diydiler, Döşüñe mynasyp bolgun diydiler.” Diydiler: ”Dünyäde nämedir gyt zat?”, Üç gezek diydiler: “Ussat! Ussat! Ussat!” “Naçe gyt bolsada ussat diydiler, Çyn şägirt ondanam gyt zar diydiler ”. “Öwrenip ilkinji harpy – diydiler, Gomalar şägirdiñ galpy! ” diydiler. Yene –de diydiler: \"ulamy kiçä Öljegñi bilseñde yalbarma kişä! \" “Diñe bir adama yalbar!” diydiler. Onuñam adyna dilber diydiler. “Ayyp däl näzini çekmek diydiler Nazden yüzün sowan - akmak ” diydiler. “Yene iki merde yalbarmak bolar- Diydiler ene hem atadyr olar”. “Ataña yalbarsañ galkynar ruhy” “Eneñe yalbarsañ kemeler ahy” “Kim etse şolara tagzym – didiler, işi rowaç yaşy uzyn diydiler! “ ...Yene de kän edepleñ tutdular adyn. Diydiler: “Gabanma özgäñ şöhratyn!” “Gabanma zehiniñ ezelliğini!” “Gabanma öz jorañ gözelligini!” “Gabanma öz äriñ gerçekliğini!” “Gabanma öz gelniñ alçaklyğyny!” “Ne näzlerin, ne de sözlerin gaban, Diñe oynaklatsa... Gözlerin gaban!” Diydiler : ”Erkekden belenttir ayal!” “O nämüçin ?” diyip berdiler sowal. Jogabyn berdiler: “Gutaryp ömrüñ yagty dünyä hoşlaşsañ bir gün- Ayal är ojağyn saklar – diydiler, Söygüñü müñ kerem saklar!” diydiler. “Çagalaryn iydir, geydir – diydiler, Şeydip yaş ömrünü köydür!” diydiler. “ Emma beydip bilmez erkek – diydiler, Bu babatda pesdir entek!” diydiler. “Altmyşdan, temişden geçse de Saly Gözlerin yumdumy eziz ayaly – Yatdan çykyp wepa ygrar – diydiler, ikinjiñ gözlegne ylgar!” diydiler. ... Diydiler, diydiler, diydiler kän zat. Käbirisi añsat.köpüsü kyn zat. Añsadyn – hemmeler başar – diydiler, Kynyn başarmakda iş bar – diydiler. Kyn hem bolsa, Şudur wesyet – diydiler. Diñe kyn zat - Şol mukaddes! – diydiler K. Gurbannepesov.

Köneler, agash55 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir