Ulular näme üçin beýle köp ýatýarlar - bilip bilemok?! Aslynda, bilmeýän zadym köp, emma, bugün oturyp pikirlenjek bu zatlar barada. Düyn Berdi täzeje kompýuter alypdyr, ýöne kompýuterini meň bilen oýnamak islemedi. Myradyň kakasy bolsa oňa playstation-3 getiripdir; düyn kakasy bilen bile oýun oýnany üçin, agşam meň bilen gizlenpeçek oýnamak islemedi. Soñky wagtlar ýeke özüm öz başyma galdym we pikirlenmäge köp wagtym boldy. Pikirlenip otyrkam öz geljegimi hem planladym. Ulalamsoň öyümizi şekoladdan gurjak nesip bolsa. Köp mukdarda maşyn aljak we hijisini hem Berdä berjek däl. Eger aglaýsa-da ejesine aglaýar diýip aýdaryn. Dostlarymyň kakalary bilen oýun oýnaýyşlaryny, kakalarynyň olara alyp beren oýunjaklaryny göremde ejemi gujaklap agladym... - Eje, kakam jennetden haçan gelýär ýa-da o taýy gaty uzakmy? Şoñ üçin gelip bilenokmy kakam?" diydim. Jogap alyp bilmedim. Ejem saçymy sypalap: - Jennet gaty uzak, kakaň o ýerden gelip bilmez" diýende: - Emma Myradyň kakasy hem uzakdady, ol-a geldi geçen hepde?! Hergün Myrat bilen bileje oýun oýnayar öýlerinde. Onsoň Myradyň meň bilen oýnasy gelenok. Kakam gelsin, eje... Men oňa garaşaryn..." diýip entek sözümi gutarmankam, ejem ýanymdan turup gap-çanaklary ýuwmaga gitdi. Kakam barada gürrüň açsam, ejemiň derrew işi çykýar; ýa gap-çanak ýuwmaly bolýar ýa ýene birzat... Düşünip bilemok, gürrüňi gutaryp soň etse bolmaýarmyka şol işleri...?! Düyn Berdiň kakasy Sapar aga: “ejeňe aýt, saňa täze kaka tapsyn!" diýende, onuň ýanyndan boýnumy sallap gaýtmaly boldum. Edil şo tayda möy adamyň Sapar agany tutup bir ýerden asyp goýaýmagyny isledim içimden. Emma, möy adamym öýümizdedi, ahyryn, nädip maňa kömek etsin?! Menem ylgap parka gaýtdym. Parkda aglap otyrkam, bir daýy: "näme boldy saňa, näme üçin aglaýaň?" diýip sorady. Menem: - “Kakamyň ýanyna gitmek isleýärin, onuň elinden tutup hemme dostlaryma ‘ynha, meňem kakam bar’ diýip görkezesim gelýär” diyemde, “kakan nirede?" diyip sorady. Menem oňa ejemiň aýdanlaryny aýtdym. - “Kakam gaty uzak bir ýerde; jennetde. Daýy, jennet gaty uzakmy bu taýdan? eger men şugün ýola çyksam haçan yeterin o ýere?” diýip soramda ol daýy maňa: - Bu taýdan jennede awtobus gidenok, oglum" diýdi. Ulular näme üçin hemme zady gaty ulaltýarlar?! Hemme zada bolmaz diyip düşünýärler. Men ulalamda jennede gidýän bir awtobus ýasaryn we edil biziň köçämizden geçer ýaly ederin. Soň bolsa kakalaryny göresi gelýän hemme çagalary mündürip äkiderin jennede. Öňräk bir gün Maýanyň kakasyny hem bir ullakan guta salyp jennede äkitdiler, edil meňem kakamy bir güyz güni äkidişleri ýaly. Maýajyga mundan beýläk kakasynyň jennetde ýatjakdygyny aýdypdyrlar. Ulular näme üçin beýle köp ýatýarkalar? Oýun oýnajak bolsaň “ýadaw” diýip ýatýarlar. Ertir irden oýanýan welin, ejem “ýene 5-je minut ýataýyn” diýýär. Ynha, kakalaram jennetde ýatýarlar... Men-ä hiç uklap bilemok ýa-da sizem köp ýatýaňyzmy? ----- Bellik1: cesme: Konsultant line accountyndan - @hwy5637m Bellik2: Talyplarda hem öñ 1 agza tarapyndan açylan.