Salam agza we myhmanlar! Ilki bu ýyl üýtgedilmedik bolsa, hemmäňizi Garaşsyzlyk Baýramymyzyň 26-njy ýyly bn gutlaýan! Asyl mowzuga gelsem, bir ýagdaýy ähmiýetlilik bn belläsim gelýär. Bir hadysda:"Kişä eşiden zatlaryny aýtmak günä hökmünde ýeter." diýilýär. Bärde üstünde durulmaly söz - "eşiden zatlaryny". Ýagny, "aýdan ýalanlary", "eden gybatlary", "ýaýradan töhmetleri" we ş.m. diýilmän, şol sözüň ulanylmagynda wajyp bir many bar: Köplenç bize ýakyn-u ýat bolan ynsanlardan käbir zatlary eşideris we bu eşiden zatlarymyzy anyklaman, hatda, käbirlerimiz özümize görä ýorumdyr pikirlerimizi hem goşup, çyna berimsiz edip hakykat hökmünde beýleki tanyşlarymyza aýdarys. Belki-de şol eşiden zatlarymyz ýalan habardyr, gybatdyr ýa töhmetdir - biz bilemzog-a anyklamasak?! Ine, şundan ägä bolmak ündelýär bu hadysda. Bir aýatda hem bu ýagdaýa üns çekilýär: "Eý, iman edenler, eger bir fasyk(günäkär) size bir habar getirse, ony (ile ýaýmakaňyz ilki oňat edip) anyklaň! Bolmasa jahyllygyňyz sebäpli bir kowma (birine, bir millete, bir taýpa) erbetlik edip, soňra bu etmişiňize (öran) puşman bolarsyňyz." (Hujurat, 49/6) Aýatda "bir fasyk(günäkär)" diýip bellense-de, şol habary getiren bir sahaba bolmaly, ady ýadymda däl. Özem pygamberimiz saw tarapyndan bir taýpa zekat jogapkäri hökmünde iberilen. Şol taýpa bn öz taýpasy arasynda gan dawasy bolansoň, şol ýere barmana gorkup, barman yzyna gaýdýar we pygamberimize saw hem olaryň:"Biz saňa-da, pygamberiňe-de zekat bermeris..." diýen manyda bir zatlar aýdýar we özünem öldürmekçi bolanlaryny goşýar. Muňa örän gynanan we gaharlanan pygamberimiz saw Hz. Halid bin Welidi r.a. öz atlylaryna baş edip, habary anyklap gelmegini buýurýar. Olam gidip habaryň esassyzdygyny, ýalandygyny habar berýär we puşman bolunjak bir ýagdaýdan halas bolunýar. Şu ýagdaýda aýatdaky "fasyk" bir sahaba-da bolsa, ýa bize örän ýakyn dost-ýar, hatda, doganyň, eneň-ataň, söwer ýaryňam bolsa, eşiden habaryňy anyklaman ile ýaýratsaň, hem bu dünýäde örän puşman bolup bilersiň, beýleki tarapy aýdybam oturmak gerek däl. Sebäbi seniň ýakynlaryňa aýdanyň ýalan, gybat, töhmet zatlary aýtmaýanyny nireden bilýäň? Belki, ol habar çişirilip çişirilip, şahsy bähbit goşantly ýalan habardyr?! Şu ýagdaý, gynansagam, köplerde bar, aýratynam, zenan maşgalalarda. Özüne ynançly diýýän ynsanlarda hem köp gabat gelip bilýär. Netijesinde "Çemçeläň ýygnanlaryny çanaklap dökýänler" toparyna degişli bolup bilýärler. Ägä bolalyň we netijesinde her 2 älemde puşman bolmalyň, agza we myhmanlar! Şuňa degişli eşiden, ýaşan wakalaryňyz, pikirleriňiz, tankytlaryňyz, ündewleriňiz we ş.m. bar bolsa, sizem goşant goşup bilersiňiz! Sag boluň!