Ilki bilen meselä ylmy taýdan seretsek: islendik hereketimiz beýnimizde neýron baglaryny gurýar, şol bir hereketiň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy şol neýron baglaryny hasam berkidýär we beýni hemişe özüne tanyş hereketleri etmäge ýykgyn edýär. Diýeli bir ruçkany başam we orta barmaklaryňyz bilen tutup ýazmak üçin özüňizi gynamaly bolarsyňyz, emma adaty ýagdaýda refleks bilen süýem barmak ruçka ýapyşar; ýagny öňümizde iki ýol bar wagty beýnimiz haýsy ýol has tanyş bolsa şony saýlaýar. (Mysal üçin bir aGzAmYz şUlaR ÝaLy edip bir harpy kiçi bir harpy uly ýazýar. Oň ýazanyny okamak üçin nerwiň daşdan bolaýmasa..adaty ýazyp bileňokmy diýse, endik bolupdyr diýýär. Diýmek, dowamly şeýle uly-kiçi ýazyp beýnisinde berk baglanyşyk gurupdyr, indi ýene şonça wagt özüne zor salyp bu endiginden dynyp biler.) Aslynda endigimiziň özünden däl-de, ony etmäge iterýän ýagdaýlardan (trigger) gaça durjak bolmaly. I.P.Pawlow itlerde şeýle tejribe geçirýär: olary naharlamazdan öňürti her gezek jürlewük çalýar. Soňra başga bir wagtda olary naharlamazdan jürlewük çalanynda itlerde refleks taýdan tüýküligiň artandygyny görýär. Ýagny belli bir manyda jürlewügiň sesi naharyň ysynyň wezipesini aldy. Şahsy tejribämden aýdyp biljek: eger telefonuňyzdaky aýdymlary şol bir yzygiderlikde diňleýän bolsaňyz, bir aýdym gutaransoň eýleki aýdyma geçmäkä pauza bassaňyzam aňyňyzda indiki aýdymyň başlangyjy eşdiler. Umumy diýiljek bolýany şul: siz ilki-ilkiler gaharyňyzy nädip sowatjagyňyzy bilmän çilim çekersiňiz, soň-soňlar gaharyňyz gelen badyna çilim küýsäp başlarsyňyz. Gahar we çilim beýniňizde özara baglanyşdy. Çilimi taşlamak üçin etmeli ilkinji işiňiz: nerwiňizi oýnaýan hadysalardan/adamlardan daşda durmak, ikinji işiňiz birden gaharyňyz geläýen ýagdaýynda köşeşmek üçin başga pişe tapmak: şar çişirip ýarmak, gygyryp aýdym aýtmak we ş.m. Endigi taşlamak kyn diýilýän kynlardan, emmä 'mümkin dällerden' däl. Ýene bir aýtmaly zat: bir endigi hijem dolulygyna taşlap bolanok, käbir neşekeşler ýyllar soňra bu pişesine dolanýarlar. Ýagny bir eden hereketimiz beýnimizde neýron bagyny guransoň ony dolulygyna ýitirip bolanok. Şol sebäplem bir endikden daşda durmagyň iň jaýdar ýoly - ol işe başlamazlyk. Gowy tarapy, biz beýnimiziň bu işleýşini gowlyga ulanyp bileris. Eger kitap okamak, irden ylgamak, gijesine iýmezlik ýaly zatlary ilki özümizi zorlap edip beýnimizde neýron baglaryny gurmagy başarsak, soň-soňlar bu peýdaly işlerden lezzet almaga-da başlarys. Siz nähili peýdaly endikler edinmekçi? Çeşme: Okgunlylar line hasaby ID: tlc7741d