Howurly tomsuň ýalynly epgegi biraz ýumşap, ýerini salkyn säherli güýz eýeledi. Tebigat ynsany mährem gollary bilen gujaklap, alnynda bereket saçagyny ýazdy. Babadaýhanyň arly ýyl çeken azabynyň datly miweleri ýetişip, il- günüň bereket hazynasyna goşuldy. Miwelerini göterip bilmän ýaý beren baglardyr ala garpyzlarynyň hersini gara öý ýaly togarlan ene ýeriň sahawaty ne ajaýyp! “Daýhan –mert, ýer – jomart” atly atalar sözüniň yrýa däldigine biziň bereketli topragymyzda güýz aladalary bilen gurşalan babadaýhan nesilleri gowy düşünýärler. Her ýylyň “Jüýje sanalýan” döwrüniň rähnetini görýän daýhanlarymyz, dürtseň, kesewini gögerdýän topragymyza bar yhlasyny siňdirip, zähmetini gaýgyrmaýarlar. Munuň üçin Berkarar döwletimizde ähli mümkinçilikler hem döredilip berlen. Gahryman Arkadagymyzyň daýhanlara we maldarlara täze tehnikalaryň ençeme tapgyryny alyp bermegi, olara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurduryp bermegi bu aladalaryň naýbaşylarydyr. Çünki, tehnika daýhanyň daýanjydyr, esasy goldawydyr. Türkmenabatdan çykyp, welaýatymyzyň haýsy tarapyna ugrasaň-da, bagtyň ýalkymly nuruna meňzeş ak pagtaly peller gözüňi dokundyryp gelýär. Ak hanaly pellerde ussatlyk bilen pagta ýygýan gözelleri görenimde, halypa şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň hojambazly pagtaçy gyz baradaky “Ýazgül hakynda oçerk” atly goşgusy biygtyýar ýadyma düşýär. Şol gyzyň ussat ýygymçylygyna haýran galan şahyr, megerem biziň günlerimizde-de ýygymçy Ýazgülleriň az däldigine guwanardy. Bagtyýar günleriň hözirinde erkana zähmetiň waspy, meger, has owazly ýaňlanardy! Ilkinji kerwenleriň ýokary derejeli hasyly buşlap geçmegi gyzgalaňly ýygym döwrüniň ýetip gelendigini aňlatdy. Säherleri jana şypa güýzüň ak altyna deňelýän pagtasydyr tylla zere çalymdaş guşgursak dänesiniň ýekejesini-de zaya etmän, döwlet harmanynyna tabşyrmagyň hötdesinden gelýän babadaýhanlarymyza “Berekella!” diýesiň gelýär. Olar Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, tohum, mineral dökünler, ýokary öndürijilikli tehnika, ätiýaçlyk şaýlary we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilipdir. Daýhanlara zähmet çekmäge we dynç almaga döredilen şertleriň barysy ýurdumyzda hereket edýän “Döwlet adam üçindir” diýen şygaryň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Tebigat bilen ynsanyň bagtyýar sazlaşykdaky gatnaşygy saçaklarymyzyň bereketini artdyryp, ojaklarymyzyň rysgalyny giňeltsin! Bu ugurda alyp barýan halk bähbitli işleri üçiin Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Köneler, Adiz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir