Her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem gallaçylaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýene-de öten ýylky daýhan ýeňiji boldy. Daýhanyň bu üstünlikleriniň, ýeňişleriniň syry soralanda ol şeýle jogap berdi: - Meniň ýeňişlerimiň syry, öz ýerime ekjek bugdaý tohumlarymy goňşularym bilen deň paýlaşýaryn, diýip aýdypdyr. Bu jogaby eşiden adamlar: - Beýle ýokary hilli tohumlary nädip bäsdeşleriňiz bilen paýlaşyp bilýärsiňiz? Hem-de beýle hereket etmek nämä gerek? - Näme üçin bolmasyn?! Şu ýerde siz bir zada üns bermediňiz, şemal ýetişen bugdaý sümmüllerinden tozanjyklary alyp atyzlardan atyzlara daşaýar. Bu sebäpli hem, goňşularymyň pes hilli hasyl almaklary, maňada ýaramaz täsirini ýetirýär. Eger-de men gowy hilli bugdaý aljak bolsam, onda goňşularymyň hem gowy hilli bugdaý tohumyny ekmekleri zerur. Çünki goňşularymdan geljek tozanjyklar ýokary hilli bugdaýyňky bolansoň, meniň hasylyma birjikde zyýany ýetmeýär, diýip ussat daýhan jogap beripdir. Aslynda sylag-hormat we paýlaşmak iň ýakynymyzdan başlar. Soňabaka ýaýbaňlanyp örüsi giňäp gidýär. Begenç, şatlyk paýlaşyldygyça ýaýbaňlanar, köpeler. Alada-ünjiler paýlaşyldygyça azalar, dertler ýeňlär. Şeýlelikde, paýlaşmak üçin hökman özüňizde bar bolan zatlar bilen kanagatlanmaň. Şatlyk, begenç ýa-da iň ýönekeýjesi ýylgyryş hem paýlaşylmaga degişlidir. Muny Jelaleddin Möwlananyň “ Adamlara gül paýlaň, eger-de gülüňiz ýok bolsa gülki, ýylgyryş paýlaň” diýip, paýlaşyldygyça ýaýbaňlanyp öz täsirini köpeldýän endikleri ündew edipdir.

Köneler, idolis tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir