Dynç güni men gullyk edip ýören kursdaşym Süleýmanyň yzyndan bardym. Men harby bölümiň derwezesine baryp-barmankam meni şol harby bölümde goragda duran sakçy garşy aldy. Ol maňa kimiň yzyndan gelenligimi sorap, özüniň maňa ýardam edip biljekdigini aýtdy. Men öz kursdaşym barada barja bilýän maglumatlarymy ol esgere aýdan badyma ol özüniň egindeşlerinden birini çagyryp, kursdaşyma habar ýollady we meniň bilen biraz gürrüňdeş boldy. Meniň özümiň harby gullugy tamamlandygym sebäpli esgerleriň durmuşy barada gyzyklanasym gelip, sakçy ýigit bilen söhbetdeş boldym. Sakçy ýigidiň egnindäki üç sany saryja çyzyk onuň seržantdygyny aýan edip durdy. Men ilki bilen seržant ýigide onuň näçe wagt gullyk edenligi barada soradym. Ol buýsanç bilen özüniň 16 aý gullyk edenligini aýtdy. Men oňa öz gullyk eden wagtlarymdaky esger durmuşym we şol döwrüň ýagdaýlary barada gürrüň berdim. Ol hem öz gezeginde maňa özüniň harby bölümi we esgerleriň durmuşy barada gürrüň berdi. Men onuň gürrüňlerini diňläp oturyşyma, häzirki wagtda biziň ýurdumyzdaky harby gullykçylar üçin döredilýän şertlere haýran galdym. Men gürrüňe gyzyp, kursdaşymyň gelenini hem duýman galypdyryn. Men kursdaşymy gören badyma, onuň bilen gujaklaşyp mähirli salamlaşdym. Soňra biz ikiçäk söhbet etdik.

Köneler, idolis tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir