Lebap welaýatynyň  Sakar etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň  hormatly
il ýaşulysy  Ereş Talypow
Men Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň   ýaşaýjysy, Türkmenistanyň  hormatly il ýaşulysy  Ereş Talypow.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak öý” binasynda geçirilen Ýaşulular maslahatyna maňa-da gatnaşmak bagty miýesser etdi. Biziň ýurdumyzda ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ata-baba aňyrdan gelýän däbe eýerilmegi biz ýaşuly nesliň başymyzy göge ýetirýär.
Ýaşulular maslahatynda Gahryman Arkadagymyz biz ýaşulular bilen geňeşip döwletli maslahat etdi. Bu maslahatda il bähbitli, ýurt ähmiýetli  meselelere seredildi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen taglymaty esasynda bu günki günde ähli raýatlarymyza işlemäge, döretmäge, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.
Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäde parahatçylyk hem-de rowaçlyk ugrunda alyp barýan adyl syýasaty Ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, baky şöhratyny, synmaz mertebesini, mizemez agzybirligini dünýä ýaýýar.
Halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň her ýylda biz ýaşuly nesli bir supraň başyna jemläp, döwletimiziň ösmegi, ýurt berkararlygyny, il agzybirligini mundan-da beýläk pugtalandyrmak ugrunda şeýle döwletli maslahaty geçirmegi biz ýaşulularyň Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip Watanymyzyň her bir ösüşine mynasyp goşandymyzy goşmaga  güýç-kuwwat berýär.
Bu döwletli maslahatda çözülen çözgütleri, öňde goýlan wezipeleri, edilen we edilmeli işleri men hem öz etrabymyzda wagyz edip, Eziz Arkadagymyzyň her bir parasatly, dana pähim-paýhasly işlerini ýaşuly hökmünde halkymyza, ýaşlara  ýetirjekdigimi  ynandyrýaryn.
Döwlet içre jennet guran binýady berk döwlet guran Gahryman  Arkadagymyza alyp barýan işlerinde mundan-da beýläk rowaçlyklar arzuw edýärin.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, buýsançly başy aman bolsun !