Lebap  welaýatynyň  Sakar  etrabynyň 
Çaltut  şäherçe  medeniýet  öýüniň 
medeni  çäreleriniň  guramaçysy
Şeker  Hüseýinowa .
Men  Lebap  welaýatynyň  Sakar  etrabynyň  Çaltut  şäherçe  medeniýet  öýüniň  medeni çäreleriniň  guramaçysy Şeker  Hüseýinowa.
Türkmende  toýlar  goşa-goşadan gelýär.  Ynha  beýik  Garaşsyzlygymyzyň  26  ýyllyk   dabaralarynyň öňi  syrasynda  il  sylagly Ýaşulularyň  döwletli  maslahaty  geçirildi. Bu  maslahata etrabymyzyň  jemgyýetçilik  guramalarynyň  wekilleri we  il sylagly  ýaşulularymyz  gatnaşdy. Bu döwletli maslahatda  Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk  döwründe  bedew  bady  bilen  öňe  barýan  Türkmenistan  döwletimiziň  ykdysady  kuwwatynyň  pugtalanmagy,  halkymyzyň ýaşaýyş  durmuş  derejesiniň  mundan  beýläk-de  ýokarlanmagy  üçin  jaýdar  pikirler  aýdylar.
Gahryman  Arkadagymyzyň „Döwlet  adam üçindir“ diýen şygaryndan  ugur alnyp, il  sylagly  ýaşulylarymyz  bilen  il  bähbitli, ýurt  ähmiýetli  işler  barada  maslahatlaşylmagy hem  biziň  röwşen  geljegimize  badalgadyr.   Ýaşulular maslahatynda  gozgalýan her  bir  meseleler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň  ýaşaýyş  durmuşynyň  has-da  ýokarlanmagyna,Watanymyzyň  mundan  beýläk-de  güllemegine   ýardam berer.  Bu  bolsa,  mähriban  halkymyzyň   baky  şöhratynyň  synmaz  mertebesiniň,  mizemez  agzybirliginiň  has-da  dünýä ýaýyljakdygyna    bizde  uly  ynam  döredýär. 
Gahryman   Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna, türkmen  halkynyň çuňňur  bähbidine  ýugrulan  syýasaty  netijesinde  ata Watanymyzyň abraý  mertebesiniň  arşa  galan  Sagdynlygyň  we  ruhubelentligiň  ýylynda  ýokary  derejede  geçirilen  Ýaşulylar  maslahatynda  halkymyzyň kalbynda   Garaşsyzlygymyza,  Bitaraplygymyza,  ene  topragymyza,  ata Watanymyza, Hormatly  Prezidentimize   söýgi her  bir türkmen  raýatynyň  ýüreginde  hoşallyk duýgusy bolup  joş  urýar.