Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan ajaýyp bina-Ak öýde türkmen halky jem bolup, Ýaşulularyň nobatdaky Maslahatyny agzybirlikde geçirdi. Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti halkyň döwlet durmuşyna degişli meselelere degişli tyryhy çykyşyny etdi. Türkmenistany durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Milli Maksatnanasy kabul edildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deptatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik gramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň häkimleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, ilatymyzyň ýaşululary:gojalarymyz, ak saçly enelerimiz şeýle-de ýaşlar gatnaşdy. Maslahata gatnaşýan, söz sözleýän adamlaryň çykyşlary diňleýjide uly tolgynma döretdi. Halkyň bagtly gelejegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da dabaralanmagy , döwletimiziň ykdysadyýetiniň, senagatynyň, oba hojalygynyň, bilim-ylym ulgamynyň, saglygy goraýşynyň, medeni durmuşynyň ýeten sepgitleri hem geljekki ösüşi hakyndaky çykyşlar, ýurdymyzyň ykdysady kywwatyny berkitmek barasyndaky teklipler Maslahata gatnaşýan ýaşulularyň ýurdymyzyň içerki we daşarky syýasatyna doly düşünýändiklerini, bazar ykdysadyýetine, döwletimiziň syýasy aýratynlygyna, halkyň ýaşaýyş ýagdaýyna dogry baha berip bilýän taýýarlykly adamlardygyna şaýatlyk edýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir maglumatlara salgylanýarys. Daňatarow Gylyç, pensioner 01.04.1951-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Rhabat etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplmynda doglan, senagat we raýat gurluşygy inženeri hünäriiniň eýesi, rus dilini bilýän, “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, Türkmenistanyň hormatly il ýa ulysy” sylaglary bar. Ataýew Çarygly, pensioner, 02.11.1946-njy ýylda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gyzylmeýdan geňeşliginde doglan,oba hojalykçy, Moskwa şäherinde oba hojalyk önümçiliginiň inženerligi institutyny tamamlan, rus dilini, türk dilini bilýän, “Watana bolan söýgüsi üçin”medaly, “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulsy” sylaglarynyň eýesi. Gelliýew Rahman, pensioner, 20.12. 1941-nji ýylda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Akdepe obasynda doglan, Magtymguly adyndaky TD u -ny tamamalap, matematika mugallymy hünäriniň eýesi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deptaty, rus dilini bilýän, “Watana bolan söýgüsi üçin”medaly, “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulsy” sylaglarynyň eýesi. Ataýew Rejepmämmet, 01. 05. 1950-nji ýylda Ruhabat etrabynyň Gypjak ýaşaýyş toplumynda doglan, Ruhabat etrabynyň 117-nji orta mekdebinde garawul bolup işleýär, rus dilini bilýän,”Watana bolan söýgüsi üçin” medaly sylagynyň eýesi. Ýaşulularyň nobatdaky 23-nji Maslahaty, Türkmenistnyň Prezidenti Gurbanguly Berdi-muhamedowyň taryhy çykyşy, maslahata gatnaşyjy ýaşulularyň: Arçabil etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Şaberdi Amansaparowyň, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner Ogulsapar Çaryýewanyň we beýl. çykyşlar, ýurdumyzyň ykdysadyýetini berkitmek maksady bilen elektrik energiýadan, duzdan, suwdan, gazdan pedalnmagyň hyrhlaryny, seýle hem beýleki ýeňilliklere seretmek hakyndaky teklipler, Ýaşulular maslahatyny Halk Maslahaty diýip atlandyrmak barasyndaky teklipleriň goldanmagy halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulygynyň, abadanlygynyň we u agzybirliginiň nyşanydyr.