Türkmen halkynyň asylly däplerine görä, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmekde ýaşulularyň parasatly maslahatyna, baý durmuş tejribesine daýanmak döwletimizde indi asylly kada öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty jemgyýetimiziň agzybirligini we bitewiligini üpjün edýän gadymy däplere eýerilýändigine, milli ýörelgelerimiziň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, ynsanperwerlik we hoşniýetlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolunýandygyna hem-de ol ýörelgeleriň has-da baýlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen halky hemişe ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, baý durmuş tejribesine bil baglap gelýär. Ýurdumyzda sylag-hormatdan paýly abraýly adamlaryň bir ýere jemlenip, agzybirlik bilen il bähbitli , döwlet ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy döwletlilikden nyşandyr. Il içinde hormatlanýan we maslahatlaryna eýerilýän ýaşulularyň biri hem gözel paýtagtymyzyň hormatly ýaşaýjysy Rahman aga Gelliýewdir. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň uruşynyň pajagaly başlanan ýyly Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Akdepe obasynda eneden bolýar. Ol 2 ýaşynda kakasyz galyp, durmuşyň kynçylyklaryny başyndan geçirýär. Durmuşa bolan höwesi, bilime-ylyma teşneligi oňa ýaşlykda ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Rahman aga orta mekdebi tamamalandan soň, bilimini dowam etdirmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuw girýär we ony matematika mugallymy hünäri boýunça 1964-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ol öz ömrüni ýaşlara bilim bermek-mugallymçylyk kärine bagyş edýär. Ilki Kelata obasynda, soňra bolsa Aşgabat şäherinde matematika mugallymy wezipesinde işleýär. Soňra mekdep müdiri, etrap bilim bölüminiň müdiri wezipelerinde işleýär. Rahman aga pensiýa çykandan hem soň, tä 2012-nji ýyla çenli mugallymçylyk kärini dowam etdirýär. Abraýly ýaşulynyň asylly işi mynasyp baha hem mynasyp bolýar. Ol 1998-nji ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy”, 2016-njy ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy” ýubileý medallary builen sylaglandy. Iliň hormatlaýan ýaşulusynyň ýaş nesli terbiýelemekde bitiren asylly işlerini we halkyň arasynda alyp barýan wagyz-nesihatlaryny göz öňünde tutup, oňa 2008-nji ýylda “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakyldy. Ol 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi. Häzirki wagtda iliň hormatlaýan ýaşulusy hormatly dynç alyşda bolmagyna garamazdan, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýar. Yzygider mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda bolup, ýaşlara öz öwüt-ündewlerini berýär, baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýar. Rahman aganyň maşgalasy hem uly hormatdan peýdalanýar. Ogly, agtyklary önümçiligiň dürli pudaklarynda asylly zähmet çekýärler, ýokary we orta okuw jaýlarynda bilim alýarlar. Asylly ýaşuly berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz çowluklaryna guwanýar we olary edil özi ýaly ilhalar adamlar bolmagy üçin aladasyny gaýgyrmaýar. Ine, şeýle ilhalar, arassa ahlakly, il bähbidini öz bähbidinden öňde goýýan ýaşulularyň maslahaty, elbetde, döwlet derejesindäki möhüm meselelri çözmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Hormatly il ýaşulysy Rahman aga! Size ýaş nesli terbiýelemekde alyp barýan asylly işleriňizde rowaçlyklar, maşgala abadançylygyny, asuda asmanymyzyň astynda uzak ýaş arzuw edýäris!