Sahawatly güýz paslynyň ajaýyp günleri turuwbaşdan şanly wakalara, taryhy pursatlara beslenip geldi. Mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi türkmen sportunyň taryhynda täze sahypany açan bolsa, onuň yzysüre, has takygy 9-njy oktýabrda ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky Ak öýünde geçirilen Ýaşulularyň maslahatyna il sylagly ýaşulularymyzyň uly topary gatnaşdy. Olaryň arasynda Garabekewül etrabymyzdan hem ýüregi hujuwly, il güniň sylagyna mynasyp bolan gojalaryň, kümüş saçly eneleriň hem birnäçesi bar. Olar etrabymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekip abraý, sylag-hormat gazanan ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyndan ugur alyp berkarar döwletimiziň bagtyýar döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmäge özleriniň saldamly goşantlaryny goşan, il günüň sylag hormatyna mynasyp bolan adamlar. Olaryň arasynda etrabymyzyň Akgala geňeşlginde Rozymyrat Durdyýew, Akmuhammet Allakow, Alty Mämmedow dagylar gatnaşdylar. Rozymyrat aga köp ýyllap «Lebap» daýhan birleşiginiň pagtaçylar toparynyň ýolbaşçysy bolup işlän bolsa, Akmuhammet Allakow köp ýyllap bilim ulgamynda işläp ýaş nesile bilim we terbiýe berdi. Alty Mämmedow bolsa häzirki etrap häkimliginde hünärmen bolup zähmet çekýär. Uly ile dahylly meseleleri çözmek üçin halkymyz gadymy eýýamlardan hem maslahat ýa-da geňeşe ýygnanşypdyrlar. Şol maslahatlarda halkyň durmuşuna oňaýly täsir ediji kanunlar kabul edilipdir. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly Hormatly Prezidentimiz elmydama ýaşulylara maslahat salmak bilen, olara uly sarpa, hormat goýýar. Ýaşulylaryň maslahaty her ýyl welaýatlaryň birinde geçirilip tutuş ýurt boýunça halk hojalygynyň dürli pudaklaryndan wekiller jemlenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda geçirlen ýaşulylaryň bu gezekgi maslahaty belent ruhybelentlige, pähim parasada beslendi: Onda il ýurt bähbitli kararlaryň birnäçesi kabul edildi. Ýüzleri nurana, ýürekleri joşgunly Oguz han, Gorkut ata, Magtymguly atamyzyň mynasyp dowamy bolan ýaşulylarymyzyň maslahatynyň geçişinden uly täsirler bilen dolanyp gelip, onuň çözgütlerini halkyň arasynda wagyz etmäge özleriniň mukaddes borçlary hasap edýärler. Akmuhammet Allakow Rozymyrat Durdyýew Alty Mämmedow

Köneler, nexttmm tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir