Berkarar Watanymyzyň ýüregi gözel paýtagtymyzda 10 günläp dowam eden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary özüniň çuň manyly, türkmen halkynyň geçmişi şu güni, milli däp-dessurlary, amala aşyrylýan özgertmelere baýlygy bilen dünýä jemgiýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, V Aziýa oýunlarynyň gözel paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilmegi, halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge Bitarap Türkmenistanyň saldamly goşandy boldy. Dünýäniň Aziýa sebitindn, Okeaniýa döwletlerinden gelen türgenler türkmen myhmansöýerliginiň şaýady boldular we iň gowy ýakymly ýatlamalry özleri bilen alyp gitdiler. «Aşgabat 2017»-niň baýramçylyk dabaralary ýene-de bir şatlyky waka bilen dowam etdirildi. Şu taryhy waka gabatlap Hormatly Prezidentimiziň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» diýen kitaby üç dilde neşir edildi we okyjylar köpçüligine hödürlendi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän bu kitapda sportuň ynsan durmuşyndaky tutýan orny, onuň ähmiýeti, geçmişi şu güni, geljegi barada berilýän gymmatly maglumatlar kitaby okan her bir adamynyň kalbynda çuňňur kanagatlanma, mähir, ruhybelentlik duýgularyny oýarýar. Döwlet baştutanymyzyň sagdyn ýaşaýyşa bagyşlan bu täze kitaby milli liderimiziň sport baradaky garaýyşlaryny, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýurdumyzda geçirmek baradaky tagallalaryny we tekliplerini özünde jemleýär. Kitapda Hormatly Prezidentimiziň dürli sport forumlarynda eden çykyşlary, ýüzlenmeleri, gutlaglary, ýerleşdirilipdir. Bu täze kitap «Aşgabat 2017»-niň oýunlarynyň nyşany, tumary, şekili we Olimpiýa şäherçesiniň dürli sport desgalarynyň fotosuratlary bilen bezelipdir. Bize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, galamynyň ujy ýiti bolsun.

Köneler, nexttmm tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir