Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda çykarylan ýol kartlaryň üsti bilen Aşgabat şäheriň awtobuslarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak üçin täze hyzmat girizildi. Täze ulgam tiz wagtda nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny ýokarlandyrar. Elektron ýol kartlary üç görnüşi bolup, olary Aşgabat şäheriniň poçta bölümlerinden satyn alyp bolar, ýagny umumy, mekdep okuwçylary üçin, şeýle hem pensionerler üçin niýetlenilendir. Täze kartlar elektron gapjyk ýörelgesi esasynda hem hereket edýärler. Olar hasaplaýjy enjamlar (walidator) bilen özara galtaşanda pul serişdeler awtomatik ýagdaýda alynýar. Ol enjamlar paýtagtyň awtobuslarynyň ählisinde gurnalandyr. Şunlukda ýol üçin tölegiň bahasy ozalkysy ýaly 30 teňňe bolmagynda galýar. Mekdep okuwçylary we pensionerler üçin elektron kartlary başgaça peýdalanylýar—olar aýda bir gezek degişlilikde 1 we 2 manat möçberinde doldurylýar. Bu amal karty ulanyjylara töleg geçirilenden soňky 30 günüň dowamynda jemgyýetçilik awtoulagyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şondan soňra bu kartyň üstüni poçta bölümlerinde, şeýle hem paýtagtymyzyň ähli banklarynda. Täze tehnologiýa boýunça gatnaw üçin tölegiň usuly hem ýeňilleşdirilendir. Ýolagçylar awtobusuň öňki gapysyndan girip, elektron karty walidatora golaýlaşdyrmalydyr. Enjam ýaşyl yşygy ýakyp, geçirilen şowly amal barada dessine habar berýär, şeýle hem kartyň eýesiniň pul serişdesiniň mukdary baradaky maglumaty ekranda görkezýär. Ýolagçylar düzgüne laýyklykda ulag serişdesiniň yzky gapysyndan çykarlar. Işi simsiz ulgam boýunça üpjün edilýän walidatorlar gatnaw üçin töleg baradaky maglumatlary “Senagat” bankyna—elektron töleg ulgamynyň girizilmegi bilen bagly işleri esasy ýerine ýetirijä iberer.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir