Milli ýygyndymyzyň agzalaryndan guşakly göreşiň hem-de türkmen milli göreşiniň erkin we nusgawy görnüşleri boýunça Seýdi Batyrowyň 6 sany, Nasiba Surkiýewanyň 5 sany altyn medallary bar. Sportuň agzalan görnüşleri boýunça Zuhra Madraimowa we Laçyn Badaglyýewa dagylar hem şeýle netijeleri gazandylar. Türmen milli göreşi boýunça 2 altyn medala mynasyp bolan ildeşlerimiz Döwletgeldi Berdiýew, Allanur Goçow bilen Rejepaly Orazalyýew hem janköýerleriň hoşallygyny gazandylar. Zarina Abdyrahmanowa guşakly göreş boýunça 2 altyn medalyň eýesidir. Gülnar Haýtbaýewa türkmen milli göreşi boýunça 2 altyn, guşakly göreş boýunça 1 altyn, 1 kümüş medalyň eýesi boldy. Jahan Durdyýewa bilen Patma Hojiýewanyň hersiniň jiu-jitsu boýunça 1 altyn, 2 kümüş medala eýe bolmagy türkmen türgenleriniň soprtuň dürli görnüşleri boýunça barha käýilleşýändiklerini görkezýär. Şu güne çenli “Aşgabat-2017-de” köp medal gazananlaryň hatarynda türkmen türgenlerinden Dinara Hallyýewa, Jahan Muhmmedowa, Roza Aşpulatowa, Maksuda Egemberdiýewa, Rano Uzakowa dagylar hem bar. Oýunlar tamamlanýança, türgenlerimiziň has ýokary netijeleri görkezjekdiklerine ynamymyz ulydyr. Üstünlik hemraňyz bolsun Oýunlara gatnaşýan türgenler!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir