Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gyzgalaňly dowam edýär. “Aşgabat-2017-niň” açylyş dabarasyna teleýaýlymda tomaşa etmek ýatdan çykmajak täsir galdyryp, kalplarymyza nur çaýdy. Sebäbi kemsiz taýýarlykly gelnen bu iri halkara ýaryşy bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Dünýä ýüzüni dost-doganlyga çagyrýan Aziadada sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň giň gerim almagy, ylaýta-da Olimpiýa şäherçesinde ýokary derejede geçirilmegi ruhubelent halkymyzy guwandyrýar. V Aziýa oýunlarynda ýaş türgenlerimiziň altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolmaklary kalbymyzy joşdurýar. Türkmen türgenlerimiziň geljekki ýeňişlerine, gazanylýan medallarynyň sanynyň gün geçdigiçe köpelmegine türkmen halky bolup garaşýarys.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir