Şu günler Aşgabadyň gözel ýerinde gurlan Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede, guramaçylykly dowam edýär. Bu ýaryşlara Aziýa, Okeaniýa döwletlerinden türgenleriň, şeýle-de Afrika yklymdan bosgunlar toparynyň gatnaşmagy bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Paýtagtymyza dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen tälimçidir türgenler, sport janköýerleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri halkymyzyň baý myhmansöýerlik däplerine, oýunlaryň geçişine we guramaçylyk derejesine haýran galýarlar. Desgalaryň 40-a golaýyny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi sebitde deňsiz-taýsyzlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde döredilen ajaýyp şertler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýan ýeňil atletika, suwda ýüzmek, basketbol, futzal, tennis, welosiped sporty, sport göreşi, küşt, sport tansy, agyr atletika (pauerlifting), kikboksing, taý boksy, sambo, kuraş, guşakly göreş, jui-jitsu, taekwondo (WTF), bouling, bilýard, türkmen milli göreşi we konkur (atçylyk sporty) ýaly sport görnüşleri boýunça ýaryşlaryň ýokary derejedäki geçmegine oňyn täsirine ýetirýär. Bu hakykata Aşgabat-2017 Aziadasyna gatnaşyjylaryň her biri anyk göz ýetirýär. Dünýäniň dürli ýerinden gelen ýygyndylaryň 65-si medallar ugrunda çekeleşikli we gyzykly ýaryşlary alyp barýarlar. Türkmen türgenleriniň aýry-aýry sport görnüşleri boýunça gazanýan üstünlikleri her birimizi begendirýär we buýsandyrýar. Türkmenistanly türgenleriň gazanýan her bir üstünliginiň gözbaşynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durandyr. Döwlet Baştutanymyz sporta uly üns bermek bilen, türgenlerimiziň “Aşgabat 2017” oýunlaryna ykjam taýýarlykly barmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikleri döretdi. Munuň özi türgenlerimiziň gazanýan taryhy üstünliklerinde miwelerini aýdyň görkezýär.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir