Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýedinji gününde jemi 11 sport görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Şolardan guşakly göreş, bilýard sporty, bowling, gysga aralyga ýüzmek, welotrek, agyr atletika, taekwondo we kuraş sport çäreleriniň final ýaryşlary boýunça medal gowşuryş dabaralary hem geçirildi. Hepdäniň anna güni geçirilen ýaryşlarda ençeme täsirli hem-de garaşylmadyk wakalar bolup geçdi. Meselem, tennis, bowling, bilýard we kuraş sport görnüşleri boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Oýunlaryň geçirilýän döwleti Türkmenistan medal gazanan ýurtlaryň sanawynda birinji orunda durmak bilen, anna güni geçirilen ýaryşlarda medal sanyny ýene-de artdyrmagy başardy. Aýratyn-da, guşakly göreş sport ugry boýunça 12 sany altyn medalyň 8-sini türkmen pälwanlary gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndy topary öz hasabyna 175 medaly geçirmegi başardy. 175 medalyň 69-sy altyn medaldyr. Anna güni Suw sport toplumynda täze rekordlaryň goýlan güni boldy. Alty sany Oýunlar rekordynyň goýulmagy bilen, Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde geçirilen gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlaryň ilkinji gününde tomaşaçylar gören çykyşlaryndan uly lezzet aldylar. Zenanlaryň arasynda 50m aralykda erkin ýüzüş boýunça şahsy ýüzüşde taýlandly Jenjira Sisa-Ard 50m aralygy 24,71 sekuntda geçip, Oýunlar rekordyny täzelemek bilen altyn medalyň eýesi bolmagy başardy. Erkekleriň arasynda 100m aralyga brass görnüşli ýüzmek boýunça hytaýly Wang Lizhuo Oýunlaryň rekordyny bir günüň içinde iki gezek goýmagy başardy, ýagny ilkinji gezek seçilip alynýan ýaryş tapgyrynda, ikinji gezek bolsa final ýaryşynda. Final ýaryşynda hytaýly türgen 100m aralygy brass görnüşde 57.02 sekuntda geçmegi başaryp, ol özüniň öňki goýan Oýunlar rekordyndan 1.26 sekunt çaltdyr. Anna güni geçirilen ýaryşlaryň soňky dördüsinde has-da köp rekord goýuldy. Olardan wýetnamly Thi Ang Wiýen Nguýen zenanlaryň arasynda 200m aralyga şahsy toplumlaýyn ýüzüş boýunça 2:09.78 minutda geçip, altyn medaly hem-de hytaýly Kuin Haiýangyň 200m aralyga şahsy toplumlaýyn ýüzüşde 1:55.20 minutda geçip, altyn medaly almagy has-da ýatda galyjy boldy. Soňky rekordlar toparlar bolup geçirilen sport çäreleriniň dowamynda goýuldy. Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda 4x50m aralyga toplumlaýyn ýüzüş sport görnüşinde Oýunlaryň iki sany täze rekordy goýuldy. Rekordy täzelän gonkongly zenan türgen 1:48.79 minutda, koreýaly türgen bolsa erkekleriň arasynda 4x50m aralygy 1:35.28 wagt aralygynda geçmegi başardy. Tennis toplumynda ýekebara ýaryşda indoneziýaly Beatris Gumulýa tomaşaçylaryň söýgüli tennisçisi hindi zenany Ankita Rainadan üstün çykyp, altyn medalyň eýesi boldy. Bütindünýä tennis birleşiginiň iň ökde tennisçileriniň sanawynda 258-nji orunda durýan Raina, Aşgabat 2017 oýunlaryna örän ynamly hem-de altyn medaly gazanyp biljek türgen hökmünde gelipdi. Gumulýanyň bolsa Ankitadan ýeňilmek niýeti ýokdy. 26 ýaşly jakartaly türgen (Gumulýa Bütindünýä tennis birleşiginiň sanawynda 770-nji orunda durýar, ýagny, Rainadan 518 san yzda gelýärdi) 6-2 we 6-3 utuklar bilen ýarym finallara gatnaşmaga hukuk gazandy hem-de ýeňijileriň münberinde özüniň mynasyp ornunyň bardygyny tomaşaçylara subut etdi. Anna güni geçirilen bowling sportunda koreýaly Baek Seungia zenanlaryň arasynda ýekebara ýaryşda altyn medaly gazandy. Çünki, Baek 6 raundly tutluşyklaryň ilkinjisini 300 utuk bilen tamamlamak arkaly, jemi 1455 utuk gazanmagy başardy. Bu bolsa erkekleriň arasynda hem iň ýokary utuk gazanylan bowling ýaryşydyr. Özbek topragynda 3500 ýyl mundan ozal dörän Kuraş söweş sungaty boýunça geçirilen ýaryşlaryň soňky gününde, Aşgabat 2017 oýunlarynda özbegistanly türgenleriniň öz ussatlygyny görkezmek üçin soňky mümkinçilikdi. “Özbek türgenleri hem ildeşleriniň özlerine bildiren tamalaryny doly ödedi” diýip, bellemek örän ýerliklidir. Alty sany agyrlyk derejesinde jemi 5 altyn medaly gazanmagy başaran pälwanlaryna özbek halkynyň buýsanmaga doly haky bardyr. Özbegistan erkekleriň arasynda -90kg, -100kg we +100kg agyrlyk derejelerinde, zenanlaryň arasynda bolsa -52kg we -57kg agyrlyk derejelerinde altyn medalyň eýesi boldy. Taekwondo sporty boýunça türgenleriň hem anna güni öz başarnyklaryny görkezmek üçin soňky mümkinçilikdi. 5 günüň dowamynda geçirilen taekwondo sport görnüşi boýunça ýaryşlaryň soňky gününde phumse ugry boýunça göreşildi. Anna güni üçin goýlan altyn medallaryň 4-sini Eýran, Indoneziýa, Wýetnam we Taýland ýurtlary aldy. Ýeri gelende aýtsak, eýranly türgenler taekwondo boýunça geçirilen ozalky dört günki ýaryşlaryň her birinde hem medal almagy başardy.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir