Keniýanyň Nairobi şäherinde ýerleşýän “Tegla Loroupe Peace Foundation” guramasy tarapyndan geçirilen synaglardan soňra, Aşgabat 2017 oýunlaryna bosgun toparynyň agzasy hökmünde gatnaşjak bäş sany türgen saýlanyldy. Olar, ýagny Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gai Nýang Tap, Ukuk Uthu Bul we Tie Pur Bieldir, hem-de bosgunlar wekilýetiniň hormatly agzalarydyr. Biel erkekleriň arasynda 800m aralykda ylgamakda ýarym finala çykmagy başardy. Ukuk Tuhu Bul bolsa, erkekleriň arasynda 3000m ylgamakda final ýaryşyna çykyp, ýedinjilik bolup finiş çyzygyndan geçmegi başardy. Toparyň wekilýetiniň ýolbaşçysy Tegla Lorupe ýarym marafon boýunça dünýä çempiony hem-de Keniýanyň adyndan üç gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan zenan türgendir. Tegla uly göwrümli sport çäreleriniň köpüsine bosgun toparlaryny gatnaşmaga gujak açyp çagyrylýandyklaryny şatlyk bilen belleýär. “Afrikadan hem-de beýleki ýurtlardan bolan türgenler dünýäniň islendik ýurduna howa üsti bilen baryp bilýän bolsalar, bosgunlaryň bular ýaly mümkinçiligi ýok. Emma, sport dünýäsiniň olara neneňsi derejede ýardam berendigini synlamak örän täsin zat” diýip, Lorupe gürrüň berýär. Soňra ol: “Bosgun türgenleriň ýokary derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçiligi bolar ýaly, uly göwrümli sport çärelerini gurnaýjylaryň ählisi hem bu türgenlere gapylaryny giňden açar diýip umyt edýärin” diýip, sözüni jemledi.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir