Türkmenistan bilen Özbegistanyň toparlary medal eýelemekligi maksat edinýäler, sebäbi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sambo sporty başlaýar. 24-nji sentýabrda ýekşenbe güni köne sowet harby başa-baş söweş sungaty bolan sambonyň 9 tapgyry boýunça ýaryşlar başlaýar. Özbek ýygyndy toparynyň adyndan ilkinji bolup çykyş edýän, 2 gezek dünýä çempiony Istam Kudratow Özbegistanyň medal sanawyny altyn medal baýlaşdyrar diýip umyt edýärler. -74kg agramlykda çykyş edýän 27 ýaşly türgen söweş sambo görnüşi boýunça dünýä derejesinde geçirilen 4 sany ýaryşa gatnaşdy. Ol Aziýa 2017-niň çempiony Beknazar Raýimkul Uuludan ätiýaç edýär, eger-de ol garşysyna çykmasa, ýeňiş gazanmaga bolan umydynyň uludygyny aýdýar. Ýekşenbe güni geçirilýän sambo sporty boýunça 9 sany tapgyrynyň altysyna Özbegistanyň adyndan 2017-nji we 2016-njy ýylyň Aziýa çempionlary gatnaşýar. Beýleki 3 sany tapgyryna gatnaşýan, dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň 2 gezek eýesi Sarbon Ernazarow hem diýseň howply türgenleriň biri. Türkmenistanyň söweş sambosy ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriniň hem ilkinji günden hormat münberine çykmagy ähtimal. Çäreleri geçirýän ýurduň uly umydy bolan türgeni, 2016-njy ýylyň dünýä çempionatynda ikinji orny eýelän Çarymyrat Annagurbanow -100kg agramda söweş sambosy boýunça çykyş eder. Ol 4 gezek dünýä çempiony, medal eýesi özbegistanly Islomjon Azimow bilen tutluşar. Gazagystan döwleti hem özüniň iki sany ussat türgenine bil baglaýar. Gazagystanyň sambo boýunça erkekler ýygyndysynyň arasynda -52kg agram derejesinde 2015-nji ýylyň dünýä çempiony bolan Beimbet Kanzhanow we şu ýyl Aziýanyň çempiony bolan Yerbol Aldukhan medally orunlary eýelär diýip umyt edýärler.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir