Aşgabat 2017-niň guşakly göreşi boýunça ýaryşlar tamamlandy. Göreşiň bu görnüşinde çykyş eden pälwanlar öz guşaklaryny we sport lybaslaryny ýygnap bilerler. Mundan soňra bolsa, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän sport göreşiniň olimpiýa görnüşi, ýagny erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşlara badalga berler. Indoneziýa, Hytaý Halk Respublikasy, Awstraliýa, Marşal adalary, Nauru, Şri Lanka, Guam we Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlary ýaly ýurtlaryň wekilleri hem ýaryş meýdançasynda çykyş etjek türgenleriň hatarynda bolarlar. Olar 24-nji sentýabrda başlajak Aşgabat 2017-niň sport göreşiň erkin görnüşi boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda aýratynlykda geçirijek ýaryşlara täze bir öwüşgin bererler. Ýer eýesi Türkmenistanyň türgenleri netijeleriň öz peýdalaryna işlemegine berk ynam bildirýärler. Türkmen milli ýygyndy toparynyň baş tälimçileriniň biri Setdarberdi Rejepberdiýew öňlerinde goýan maksady barada şeýle gürrüň berdi: “Türkmen pälwanlarynyň taýýarlyk derejesi ýokary. Olar şu güne çenli gazanan ýeňişlerini sport göreşi boýunça hem dowam etdirjekdiklerine ynanýaryn. Meniň gujur-gaýratly pälwanlarymyza ýeke-täk aýtjak zadym: “Bütin türkmen halkynyň bar ünsi sizde bolar. Olaryň size bolan ynamyny ödemek üçin yhlas bilen göreşiň!”. Türkmenistanyň gazanan medallarynyň aglabasyny türkmen pälwanlary sportuň göreş görnüşileriniň ikisi, ýagny türkmen milli görnüşi we guşakly göreş boýunça gazandylar. Täze başlanjak ýaryş biraz üýtgeşik bolar. Emma, Rejepberdiýewiň aýtmagyna görä, türkmen türgenleriň ruhunyň beýikligi olary täze ýeňişlere ruhlandyrar. “Türkmenler sportuň islendik görnüşinde-de dyza çöküp ýeňilmegi halamaýar. Şonuň üçin türkmen milli göreşinde şeýle düzgün bar: eger-de türgen ýykyljak wagty dyzyna çökse, bir utuk utulýar. Men sport göreşi boýunça ýaryşa gatnaşjak pälwanlar toparymyzyň şu güne çenli gazanylan medallaryň sanynyň artmagyna öz goşantlaryny goşarlar diýip ynanýaryn” diýip, Rejepberdiýew sözüni jemledi. Sport göreşi boýunça ýaryşlar 24-nji sentýabrda, ýekşenbe güni sekiz agram dereje boýunça, ýagny erkekleriň arasynda 57 kg, 65 kg, 74 kg, 97 kg we zenanlaryň arasynda 48 kg, 55 kg, 60 kg, 69 kg agram derejeleri boýunça başlanar.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir