Dowamly ýaryşyň bäş tapgyryndan soňra Aşgabat 2017-de sportyň welosport (trek) görnüşi boýunça ýaryş şenbe güni geçiriljek jübüt final ýaryşy bilen jemlener. Erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky gutarnykly omnium hem-de keirin ýaryşynyň ikisi hem bir günde geçiriler. Welosport (trek) üçin omnium çäresi ýeňil atletika sporty üçin 10 görnüşli (dekatlon) çäre ýalydyr. Bu çäre dört sany çydamlylyk ýaryşyndan ybarat bolup, bütin ýaryş güni boýunça iň doly we dowamly ýoly geçen welosipedçini saýlaýar. Omnium çäresiniň ilkinji ýaryşy uzak aralyga ýaryşmak bolup, ol erkek türgenler üçin 40 aýlawly, zenan türgenler üçin 30 aýlawly ýaryşdan ybaratdyr. Çyzygy birinji bolup geçen welosipedçi ýeňiji diýlip yglan ediler. Ikinji ýaryş bolsa, tizlik ýaryşydyr, 40 aýlawdan (zenanlar üçin 30 aýlaw) ybarat bolan bu ýaryşda finiş çyzygyna ýeten birinji we ikinji welosipedçi utuk gazanýar. Agşamky ýaryş "Utulan çykdy" ýaryşy bolup, her iki aýlawda çyzygy soňky bolup geçen welosipedçi oýundan çykarylýar we bu bir sany welosipedçi galýança dowam edýär. Bu wagta çenli her ýaryşyň ýeňijisine umumy klassifikasiýa üçin 40 utuk, ikinjisine 38 utuk we üçünjisine 36 utuk we ş.m. görnüşde utuk berler. Umumy klassifikasiýa agşamyň soňky ýaryşy bolan "Utuklaryň ýaryşy" bilen has hem gyzykly bolar. Erkekleriň arasynda 100 aýlawyň we zenanlaryň arasynda 80 aýlawyň geçilmegi bilen welosport (trek) boýunça sprint çäresinde her 10 aýlawda ilkinji dört türgene bäş, üç, iki we bir utuk berler. Soňky aýlawda bolsa utuklar iki esse köp edilip berler. Muňa garamazdan, ýokarda agzalanlar welosipedçileriň utuk hasabyny köpeltmeginiň ýeke-täk ýoly däldir, çünki topar bolup aýlawy geçene 20 utuk berilýär. Welosipedçiniň "Utuk ýaryşynda" gazanýan utuklary ilkinji üç ýaryşyň netijesi boýunça gönümel umumy klassifikasiýa goşulýar. Erkekleriň arasyndaky omnium çäresinde Gazagystan iň köp janköýerlik edilýän toparlaryň biri bolup durýar, çünki olar ýaryşa erkekleriň arasyndaky toparlaýyn yzarlamak ýaryşynda altyn medaly gazanan Artýom Zaharowy (Gazagystan) we Sultanmurat Miraliýewi (Gazagystan) gatnaşdyrýar. Bu iki türgenden ybarat bolan topar 2016-njy ýylda geçirilen Aziýanyň Welosport çempionatynyň omnium çäresi ýaryşlarynda ýokary orunlara eýe boldy. "Biziň maksadymyz iki medaly hem gazanmakdyr" diýip, Gazagystanyň tälimçisi Herwe Dagorn (Fransiýa) belläp geçdi. "Olar bir-biriniň hereketine päsgelçilik bermän, öz ýaryşlarynda ýaryşarlar" diýip, tälimçi sözüni dowam etdi. "Men biziň üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýatda galyjy bolmagy üçin omnium çäresinde ýeňiş gazanyp, at galdyrmak isleýärin. Gonkong we Taýland omnium ýaryşyny ýeňmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir" diýip, Zaharow gürrüň berdi. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda taýlandly Jutatip Manipan (Taýland) we gonkongly Diao Hiaojuan (Gonkong) tomaşaçylar tarapyndan söýülýän iki türgendir. Erkekleriň arasyndaky ýekebara sprint ýaryşynda eýranly we gazagystanly toparlaryň ajaýyp çykyşyndan soň, keirin çäresi ýene-de bir ýokary tizlikde oýnamak ýaryşy bolup, ýekebara sprint ýaryşynyň medal ýeňijisi Pawel Woržew (Gazagystan) kümüş medalyň ýeňijisi Mohammad Daneşwar (Eýran) bilen ýaryşar.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir