Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sekizinji güni hepdäniň şenbe gününe düşýär we ol gün sportuň jemi 12 görnüşi boýunça dürli ýaryşlar geçiriler. Olar: atly sport (konkur), 3x3 basketbol, guşakly göreş, bilýard sporty, bowling, küşt, futzal, tennis, kikboksing, gysga aralyga ýüzmek, welosport hem-de agyr atletika boýunça ýaryşlardyr. Agzalan sport görnüşleriniň ýedisi boýunça medal gowşuryş dabarasy hem geçiriler. Bellenilenleriň üçüsi üçin bu gün geçirilýän ýaryşlaryň soňky güni bolar. Bu bolsa, şenbe güni Aşgabat Olimpiýa toplumynda örän gyzgalaňly günleriň ýene-de biri boljakdygyny aňladýar. Atly sport (konkur), welosport hem-de guşakly göreş sport ugurlary boýunça ýaryşlaryň Aşgabat 2017 oýunlarynyň maksatnamasynda geçiriljek soňky günüdir. Hepdäniň şenbe güni konkur sportunyň şahsy görnüş boýunça ýaryşy geçiriler, guşakly göreş boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda alyş dissiplinasy boýunça soňky ýaryşlar geçiriler, welosport boýunça erkek hem-de zenan türgenler sportuň omnium, erkek türgenler keirin dissiplinalary boýunça ýaryşarlar. Şol bir wagtyň özünde 3x3 basketboly we futzal boýunça ýaryşlar hem gyzgalaňly dowam edýär. 3x3 basketbol boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda çärýek finallar geçirilip, bu ýaryşlaryň netijesinde haýsy toparlaryň ýekşenbe güni geçiriljek final ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilýändigi anyklanylar. Futzal boýunça erkekleriň arasynda geçiriljek çärýek finallarda bolsa, final ýaryşynda altyn medal gazanmaga 4 toparyň haýsynyň bäsdeş boljakdygy kesgitlener. Şeýle-de, şenbe güni kikboksing boýunça ýaryşlaryň hem geçiriljek ilkinji güni bolup durýar. Ilkinji raundlarda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda Kik-laýt, Point-faýting hem-de Full-kontakt derejelerinde ýaryşlar geçiriler. Mundan daşary, erkek türgenler kikboksing boýunça Lou-kik dissiplinasynda hem ýaryşarlar. Gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlaryň ikinji gününiň-de örän gyzgalaňly geçjekdigine hiç hili şübhe ýok (birinji gününde erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda 4x100m aralyga erkin ýüzüş boýunça ýaryşlar geçirildi). Düýn gysga aralyga suwda ýüzmek boýunça geçirilen ýaryşlaryň ilkinji gününde Suw sport toplumynda jemi alty sany Oýunlar rekordynyň goýulmagy tomaşaçylaryň bu sport ugruna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri üçin Suw sport toplumynda edilen çykyşlaryň örän üstünlikli geçendigini nazara almak bilen, bu gün hem täsirli wakalaryň bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanly türgenleriň ýygyndy topary şenbe güni geçirilen ýaryşlarda gazanan medallaryny sanamak bilen, olaryň sany jemi 175-e ýetdi. Şolardan 69-sy altyn medaldyr.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir