Gözel paýtagtymyz Aşgabatda diňe bir ýurdumyz, sebit ýa-da, yklym üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin möhüm ähmiýetli bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän bu uly sport baýramynda türkmen türgenleri has-da üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň arasynda Garabekewül etrabyndan meşhur pälwan, halkara derejeli sport ussady Myrat Jumaýew hem bar. Ol guşakly göreşiň erkin usulynda 100 kg-dan ýokary agramda çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy. Myrat ilkinji ýaryşda hindistanly, soňra mongoliýaly we gyrgyz pälwanlaryndan üstün çykyp final duşuşygynda ussat özbek pälwany bilen tutluşyk geçirdi. Ony hem ýeňip, Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belentde parladyp Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, ildeşlerimizi diýseň begendirdi. Garabekewül topragy geçmişde hem öz pälwanlary bilen meşhurlyk gazanypdyr. Toýlar göreşsiz geçmändir. Öz döwründe Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony bolan Annageldi pälwanyň, Gurt pälwanyň, Hajy pälwanyň, Annagylyç pälwanyň, Alty pälwanyň, Haýty pälwanyň, Çary pälwanyň, Geldimyrat pälwanyň, Atajan pälwanyň il içinde sarpalary belent saklanýar. Myrat pälwanyň ilkinji halyplary öz kakasy, agasy we daýylary Begenç we Guwanç pälwan dagylardyr. Garabekewül etrabynyň «Seýdi» geňeşliginiň Saltyk obasynda ýaşaýan Myrat Jumaýew häzirki wagtda Garabekewül etrabynyň 1-nji sport mekdebinde tälimçi bolup işlemek bilen ýaş pälwanlary terbiýeläp ýetişdirýär. Ýeri gelende belläp geçsek Myrat Jumaýew Türkmenistanda iň ýaş absolýut çempion bolan pälwandyr. Ol 16 ýaşynda 2004-nji ýylda bu ada mynasyp boldy. Myrat Jumaýew birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorady. Biz hem Myrat pälwany gazanan üstünligi bilen ýene bir ýola gutlap, onuň sport älemindäki abraýyny mundan beýlä-de, artmagyny ýene bir ýola gutlap, ýeňişleriniň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Türkmensitany dünýäde sport döwleti hökmünde tanadyp, sporty we bedenterbiýäni halklaryň arasyndaky dostluk-doganlygy okgunly ösdürýän döwlet Baştutanymyza köp-köp sagbolsun aýdýarys. Ýaryşda baş baýrak alan Garşydaşyn ýere çalan, Göroglyny ýa-da salan Myrat, ýeňşiň gutly bolsun! Arkadagym pata berdi Göreşiň ussat ägirdi, Ýetişdirýär köp şägirdi Myrat, ýeňşiň gutly bolsun!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir