Eziz Arkadagymyzyň türkmeniň taryhynda ilkinji gezek uly bir taryhy wakanyň – Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramaga ýol açandygyna buýsanyp, milli Liderimize bimöçber alkyşlary aýdýarys. V Aziýa oýunlaryna Saýat etrabynyň türgenleri hem uly hyjuw bilen gatnaşýarlar. Olardan Seýdi Batyrow Saýat etrap sport komitetiniň 1-nji sport mekdebiniň milli göreş boýunça tälimçisi, halkara derejeli sport ussady bolup, ol 100 kg. agram derejede üsti ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, türkmen göreşi, milli göreş, guşakly göreşiň nusgawy görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňiji bolup, 4 sany altyn medala mynasyp boldylar. Bulardan başga-da, Saýatly türgenlerimizden Begenç Ýagmyrow 68 kg. agram derejede sportuň guşakly göreşi boýunça altyn medala, Jahan Muhammedowa 70 kg. agram derejede guşakly göreşi boýunça altyn medala, milli göreşiň nusgawy görnüşi boýunça Hangeldi Allakow 2-nji orna, ýagny türkmen göreşi boýunça bürünç medallara mynasyp boldy. Saýatly türgenler häzirki wagtda 6 sany altyn, 2 sany kümüş we 2 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Berekella Saýatly türgenler, medallaryň yzy gür bolsun. Aşgabat 2017-niň oýunlarynda ildeşlerimize ýeňişler ýar bolsun!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir