Türkmenistanyň 3x3 basketbol toparynyň oýunçysy Aleksandr Paşkow B toparyň final ýaryşynda Yragyň ýygyndy topary bilen duşuşjak ýygyndysyny ýeňşe höweslendirýär. Iki tarap 22-nji sentýabrda, anna güni 3x3 basketbol arenasynda duşuşarlar. Geçen oýunda ussat basketbolçynyň topary Liwanyň ýygyndysyndan ýeňlipdi. Paşkow bu ýeňlişi özlerine sapak edinendiklerini, şeýdibem soňky oýunda Täjigistanyň ýygyndysyndan üstün çykandyklaryny we indiki oýunda-da ýeňiş gazanmak üçin öz ussatlyklaryny görkezmekçidigini aýtdy. “Bu diýseň çekeleşikli ýaryş. Ençeme ökde toparlar medally orny eýelemek üçin göreşýärler. Biz hem janköýerlerimiziň ynamyny ödemek üçin bar yhlasymyzy gaýgyrmarys” diýip, ussat türgen özleriniň ýeňiş gazanmaga ynamlydyklaryny aýtdy. 5x5 we 3x3 basketbol sporty boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy, 32 ýaşly Paşkowyň aýtmagyna görä, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türkmen sportunyň dünýä derejesinde tanalmaga we uly üstünliklere ýetmäge basgançak bolup durýar. “Biz öz dogduk mekanymyzda oýnamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Ynha-da, biz şu gün öz ata Watanymyzda oýnaýarys. Öňümizdäki anna güni geçiriljek ýaryşlarda uly üstünlik gazanmagy we basketbol ýygyndymyzyň abraýyny öňküden hem galdyrmagy umyt edýäris” diýip, Paşkow içki begenjini paýlaşdy. Paşkow Aşgabat 2017 oýunlaryndan öň 2013-nji ýylda Halkara Basketbol federasiýasy tarapyndan Kataryň paýtagty Dohada geçirilen Aziýanyň 3x3 basketbol ýaryşyna, 2014-nji ýylda Taýlandyň Phuket şäherinde geçirilen Aziýanyň kenarýaka oýunlaryna we 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşdy. “Gynansak-da, biz geçenki ýaryşlarda medal gazanyp bilmedik, emma biz bu ýerde medally orny eýeläris diýip umyt edýärin. Özümiziň üstünligimizi görkezmegiň tüýs amatly wagty we ýeri gelip ýetdi” diýip türgen öňünde goýan maksady hakynda gürrüň berdi. 20-nji sentýabrda, çarşenbe güni Liwanyň ýygyndysy bilen bolan oýunda türkmen basketbolçylary ýeňlen hem bolsa Paşkow ýeňşe bolan umydyny elden berenok. Ol: “Ýaryş başlamazdan öň hem biz altyn medaly eýelemegi maksat edinýärdik, şu wagt hem umydymyzy ýitirmeýäris” diýip aýdýar. Paşkow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilen ilkinji iki oýunda sekiz utuk gazandy. Bu geçen oýna garanyňda has gowy netije boldy, sebäbi ol öňki oýunda utuk gazanmaga dörän amatly 16 pursatyň diňe 6-syny ulanyp bilipdi. “Men geçen oýunlarda has-da şowly çykyş etmäge mümkinçiligim bardy. Nesip bolsa, geljekki oýunlarda ýeňiş gazanmak üçin ähli gujur-gaýratymy sarp ederin. Biz ýa topar bolup ýeňeris ýa-da utularys” diýip, ussat basketbolçy sözüniň ahyrynda belläp geçdi. Türkmenistanyň ýygyndy topary Yragyň ýygyndy topary bilen 22-nji sentýabrda, anna güni geçirilýän dokuz ýaryşyň ilkinjisinde duşuşarlar. Şol gün erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän saýlama tapgyr ýaryşlary tamamlanar.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir