Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň iu-jitsu görnüşi boýunça ýaryşy türkmen türgenleriniň alty sany altyn medal bilen açmagy ähli kişini haýran galdyrdy. Ýaryşlary gurnaýan döwlet kontakt dissiplinasynyň dört sany agram derejesinde üç altyn we dört kümüş medaly eýeläp, Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen milli göreşi ussatlygyny jemi 13 orny gazanmak bilen subut etdi. Jelilmuhammet Hojamyradow we Myrat Gimmiyew erkekleriň arasyndaky nusgawy duo görnüşinde we Oýunlarda Türkmenistan üçin ilkinji ýeňşi gazanyp, säher bilen Ata Watanyna altyn medaly sowgat berdiler. Ýerli janköýerleriň öňünde ýeňişleri yglan edilenden soň, Hojamyradow: “Bu meniň durmuşymda iň tolgundyryjy we şatlykly pursatdyr” diýip belledi. Haçan-da, ýaryş gününi Gimmiýew we üç gezek medal ýeňijisi bolan Patma Hojiýewa garyşyk duo şou görnüşi boýunça ýeňiş bilen tamamlanda, Türkmenistan alty medal, alty kümüş we bir bürünç medalyny gazanypdy. Muňa garamazdan, şenbe gününiň iň görnükli türgenleri taýlandlylar boldy. Kunsatri Kumsroýyň we Sufawadi Kiosresaýeniň geçen aýdaky Aziýa çempionatynda gazanan goşa ýeňşi Aşgabat 2017 oýunlarynda zenanlaryň arasyndaky duo şou we garyşyk duo şou görnüşleriniň ikisiniň hem finalynda türkmen toparlaryny ýeňip, altyn medal gazanmagyny dowam etdirmäge güýç berdi. “Bu altyn medal Taýland toparynyň Aşgabatdaky ilkinji medaly bolany üçin örän şatdyryn” diýip, Kiosresaýen buýsanjyny dile getirdi. Ol: “Aziýa çempionatyndaky ýeňişler bize ýene ýeňiş gazanmaga ynam berdi, şol sebäpli biz bu altyn medaly gazanmak üçin bar güýjümiz bilen ýaryşmaga taýýardyk. Taýýarlygymyza garamazdan garşydaşymyzyň türkmen türgenleriniň bolmagy bilen ýaryş örän dartgynly geçdi. Men tomaşaçylaryň janköýerligini unudyp, ýeňşi gazanmak üçin bar ünsümi jemlemäge çalyşmaly boldum” diýip belledi. Umuman, taýlandly iki dost üçin bu gün örän gyzgalaňly geçdi. Olar garyşyk duo görnüşi boýunça hem ýaryşmak üçin ikä bölündiler we olaryň biri kümüş, beýlekisi bolsa bürünç medaly eýeledi. “Men bir günüň dowamynda dürli dissiplinalarda ýaryşmaga taýýar bolmak üçin her gün dowamly türgenleşikler geçdim” diýip, Sufawadi Kiosresaýen sözüni jemledi. Jiu-jitsu sporty 18 -nji sentýabr duşenbe güni ne-waza görnüşi boýunça ýaryşlar bilen dowam eder.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir