Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boyunça V Azia oýunlarynyň geçiriljek günleri barha golaýlap barýar. Aziadanyň badalga aljak güni golaýlaşdygyça, uly baýramçylyk ýagdaýy has äşgär duýulýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyz edijisi bolan döwlet baştutanymyz oyunlaryň başlanmagyna 50 we 30 günüň galmagynyň hormatyna “welosiped ulagynyň gününi” gurnady. Bu bolsa ýurdumyzda sagaldyş hereketine, sporty wagyz etmäge yzygiderli türgenleşikleriň adamy diňe bir beden taýdan dälde zähmet söýerligi, maksada okgunlygy terbiýelemäge ýardam edýär. Aziada 2017-niň dabaralanýan ýylyny ýurt baştutanymyz “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etdi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giň gerim alýan bagtyýarlyk döwründe, diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bedenterbiýe we sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzda sportyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi, ussat türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklaryna giň mümkiçilikleriň döredilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Türkmenistan Merkezi Aziada ilkinji bolup, özünde şeýle halkara ähmiýetli sport baýramçylygyny geçirmek hukugyny aldy. Halkara durmuşyň iri merkezi hökmünde döwletimiziň sport abraýyny köp babatda bu möhüm wakanyň üstünlikli geçirikmegine bagly. Ýurt baştutanymyzyň asylly parasatlaryny ýol-ýörelge edinýän halkymyz Aziadanyň üstünlikli tamamlajakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Çünki halkyň saglygy we abadançylygy barada alada, beden taýdan berk we ruhubelent nesilleri terbiýelemek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ilkinji derejeli wajyp wezipesi hökmünde yglan etdi. Aziada 2017-niň halkymyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak güni daşda däl. Ata watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek ugrunda alyp barýan beýik işlerинde Gahryman Arkadagymyza diňe üstünlikler ýar bolsun! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir