Essalowmaleýkim agza we myhmanlar! Ýokarda mowzugyň adyndanam belli bolşy ýaly, Gurban baýramy ertir başlaýar. Gurban baýramyny hemmäňiz diýen ýaly bilýänsiňizdir. Ýaşap, duýup görensiňizdir. Adaty ýagdaýda 1-nji Sentýabr Gurban baýramynyň ilkinji güni bolmaly. 1-4 Sentyabr aralygy 4 günläp Gurban baýramy belleniler dünýäniň çar tarapynda musulmanlaryň arasynda, şol bir sanda Türkmenistan Watanymyzda hem. Ýalñyşmasam, bizde her ýyl 3 günläp dynç alyş hem berilýän bolmaly bu bayram mynasybetli?! Sizi we maşgalalaryñyzy ýetip gelýän Gurban baýramy mynasybetli gutlaýaryn! Soýan/beren we soýjak/berjek gurbanlyklaryňyzy, eden doga-dileg we ybadatlaryňyzy, tutan orazalaryñyzy hem Biribar iň oňat ýagdaýda kabul etsin! Işleriňizde, ähli haýyr amallaryňyzda başarnyk, halalyndan bereketli ryzyk hem-de her iki älemde bagt bersin! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir