Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ady dünýä dolýan Türkmenistan diýarymyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler, beýik özgertmeler alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň haýsy ugurlaryna seredenimizde hem beýik özgertmeleriň bardygyny görmek bolýar. Häzirki döwürde il-halkyň saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde her bir türkmenistanlynyň bolelin, asuda, bagtyýar, parahat, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilip berilýär. Gahryman Arkadagymyz: “ Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimizde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ähli özgertmelerimiziň, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalarymyzyň esasy maksady halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir” diýip belläp geçýär. Türkmenistan ýurdumyzda häzirki wagtda sport bilen meşgullanmak, bedeniňi ýokary ruhubelentlikde, sagdyn edip terbiýelemek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ýokary derejede iňňän kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan sport desgalary açylyp ulanylmaga berilýär. Ol ýerde bolsa türkmen türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny kämilleşdirýärler we halkara derejesinde geçirlýän sport bäsleşiklerinde Türkmenistan Watanymyzyň adyndan çykyş edip, baýrakly orunlaryna mynasyp bolýarlar we eziz diýarymyzyň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Häzirki döwürde ata Watanymyzda sportuň welosiped görnüşini ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşini kämilleşdirmeklik boýunça hem uly işler durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Orta Aziýanyň merjen şäheri, Ak şäherimiz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda tigirli ýöriş geçirilýär. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň sagdyn durmuşda, ýokary ruhubelentlik bilen ýaşamaklary üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygarly Aziada – 2017-ä bagyşlanyp geçirilýän atly ýöriş hem uly ruhubelentlik bilen dowam edýär. Häzirki günlerde ýurdumyzyň Mary welaýatynda dowam edýän atly ýörişine gatnaşýan türkmen ýigitlerimiz ady dünýä belli “Galkynyş” gaz käninde bolup, “Aziada – 2017-niň” alawyny ýakmak üçin paýtagtymyza gelerler. Bu ýerde bolsa olary Aşgabadyň atly ýigitleri garşy alarlar. Şondan soň bolsa Olimpia şäherjiginde oýunlaryň başlanýandygyny yglan edýän Olimpia alawy ýakylar. Şeýlelik bilen dünýä ýaň salýan “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” başlanar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym, bilim ulgamyny ösdürmeklik, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin hem ähli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýip, diýseň jaýdar belläp geçýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelntlik, rowaçlyk” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Ylym, bilim medeniýet biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir”. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler, Watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda iň häzirki zaman okuw-bilim toplumlary, medeni dynç alyş we döredijilik merkezleri bina edildi we olaryň gurluşygy häzirki döwürde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin Gahryman Arkadagymyz tarapyndan giň möçberli beýik özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýokary derejedäki özgertmelere badalga berýän we ony üstünlikli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir