Ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar-ykdysady özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimiz ýokary depginler bilen durnukly ösýär. Bank ulgamynda hem bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, döwrebap kompýuter tehnologiýalaryny, hususan-da ilatdan kabul edilýän dürli görnüşli tölegleri kabul etmegiň we hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda internet-banking, ýagny aralykdan bank hyzmatlaryny amala aşyrmak ulgamy ¬– internete çatylan islendik kompýuterden ýa-da telefondan islendik amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretjek hyzmatlaryň taslamasy düzüldi. Bu ulgam söwda nokatlarynda, medeniýet edaralarynda adaty tölegleri, telefon aragatnaşyklaryny, salgyt töleglerini, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagyna salynýan jerime töleglerini amala aşyrmak we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Hawa, bu gün plastik bank kartlary biziň durmuşymyza kem-kemden ornaşýar. Indi kartlary dürli maksatlar üçin işjeň ulanýan adamlar köpeldi. Edara-kärhanalaryň binalarynda, söwda merkezlerinde, dürli ilatly nokatlarda ýerleşdirilen bankomatlaryň kömegi bilen adamlar nagt we nagt däl pul hasaplaşyklaryny geçirmäge mümkinçilik aldylar. Bu bank kartlarynyň üsti bilen söwda merkezlerinden harytlar satyn alnanda, öýjükli we öý telefonlaryna tölegleri, sarp ediş maksatly we ipoteka karzlarynyň göterim töleglerini, ýangyç guýujy beketlerde hasaplaşyklary amala aşyrmak hem-de beýleki dürli tölegleri geçirmek örän amatly. SMS –habardan etmek hyzmaty bolsa adamlaryň pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün edip, bank kart hasabynyň hereketi baradaky maglumaty wagtynda eýesine duýdurmaklyga ýardam edýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady ösüşimiziň ýüzi bolan bank ulgamy mundan beýlägem uly depginler bilen has öser hem-de şunuň bilen birlikde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derjesi hem has-da ýokarlanar.

Köneler, parahattm tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir