Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen gününden ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermegi, sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmegi esasy maksat edip goýdy. Gözlerimiziň nury, umyt-arzuwlarymyzyň gaýmagy siňen nurana topragymyz ösüş-özgerişleriň ýagty ýoly bilen barha ösýär, örňeýär, ilerleýär. Bu ýolda-da ylma uly orun berilýär. Dünýäniň ylmy açyşlar hazynasynda türkmen ylmy ençeme ylmy açyşlary, gymmatly maglumatlary bilen giňden tanalýar. Ýurdumyzda häzirki döwürde bolup geçýän uly özgertmeleri nazarlanyňda, bu işleriň täze güýç, täze hyruç bilen dowam boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Munuň üçin ýurtda döredilen hem döredilýän şertlerem sanardan-goýardan juda köp. Ylmy ösdürmek meselesinde has çuň çemeleşmegiň netijelerini, miwelerini orta mekdeplerde hem görmek bolýar. Türkmenistanda ol ýa-da beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdepler peýda bolýar. Orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw ojaklarynda okuw terbiýeçilik işleri dolulygyna multimediýa serişdelerine esaslanyp, interaktiw usulynda alnyp barylýar. Munuň özi ýaşlarda ylyma bolan gyzyklanmanyň, höwesiň döremegine ýardam berýär. Internet ulgamynyň, öýjükli aragatnaşygyň ýaýrawynyň hem barha giňeýändigini bellemek gerek. 2016-njy ýylda paýtagtymyzda Oguzhan adyndaky Inƶener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen ylym-bilim babatda dostlukly gatnaşyklarymyzyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. Alternatiw enegetikanyň mümkinçilikleri, günüň, ýeliň, suwuň, geo we gidrotermal ýylylygyň, biogazlaryň we beýleki tebigy çeşmeleriň energiýalaryny peýdalanmaga gönükdirilen täze, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlamak ylmyň möhüm wezipeleridir. Häzirki döwürde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz döwletimizde ylym ulgamyndaky şeýle uly özgerişlikler öňe gidişlikler hut Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli syýasaty esasynda mümkin boldy. “Zer gadyryny zergär biler” diýilşi ýaly, ylmyň gadyryny alym bilýär. Halkymyzy ylmyň röwşen nuruna çoýýan, ýollarymyzy ýagtylandyrýan alym Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, başy dik bolsun!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir