Berkarar döwletimiziň bagytýarlyk döwründe sagdynlygyň we ruhybelentligiň mekanyna öwrülen Türkmenistan Watanymyzda durmuşyň dürli ugurlarynda uly özgertmeler bolup geçýär. Ýakynda “Geljege badalga berip” atly paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda ýerleşýän “Jülge” alkogolly we alkogolsyz içgilerini öndürýän kärhanasynda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrap geňeşiniň guramagynda geçirilen duşuşygyna etrabyň çägindäki edara kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň Ruhabat etrap komitetiniň işgärleri, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler çykyş etdiler. Çykyşlarda Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýylynda ýaşlara durmuşa geçirilýän belent özgertmelere mynasyp goşant goşmak öwüt indew edildi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir