Aşgabat ýer titremesiniñ pidasy: BEÝIK ÝAZYJY HAJY YSMAÝYLOW Hajy Ysmaýylow, meşhur türkmen ýazyjysy, terjimeçi. 1913-nji ýylda Aşgabat şäheriniñ Bagyr obasynda din ulamasynyñ maşgalasynda eneden dogulýar. Oba medresesinde ýedi ýyl okaýar. 1926-njy ýylda Moskwa gidip ol ýerde ýörite türkmenler üçin açylan "Dompros" mekdebine girip 1929-njy ýyla çenli okaýar. 1930-njy ýylda Aşgabadyñ Komintern mekdebine girýär we 1931-nji ýylda okuwy tamamlaýar. 1930-njy ýylda okuw giren ýyly suw edarasynda terjimeçi bolup hem işleýär. 1935-nji ýyldan başlap "Колхозный активист" žurnalynda, "Sowet Türkmenistany" gazetinde, Dil we Edebiýat institutynda, Türkmen Döwlet neşirýat gullugynda işleýär. Birnäçe okuw kitaplaryny we hrestomatiýalary taýýarlamaga gatnaşan ussat ýazyjy Hajy Ysmaýylow M.Pawlenkonyñ "Çöl", Turgenewiñ "Awçynyñ hatlary", Lew Tolstoýyñ "Kazaklar", Wiktor Gýugonyñ "93-nji ýyl", P.Skosyrewiñ "Siziñ sadyk guluñyz" eserlerini türkmen diline terjime edýär. Döreden eserleriniñ azlygyna garamazdan Hajy Ysmaýylowyñ eserleriniñ hemmesi diýen ýaly türkmen edebiýatynyñ altyn hazynasyna giren eserlerdir. Onuñ döreden "Iki atanyñ bir ogly" powesti diñe Türkmenistanyñ däl öñki SSSR-iñ düzümine girýän respublikalaryñ içinde hem ýazyjynyñ adyna uly şan-şöhrat getirdi. Powestde Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bir ukrain oglanjygynyñ Türkmenistana düşüşi we onuñ türkmen maşgalasynda terbiýelenişi gyzykly wakalaryñ üsti bilen beýan edilýär. Ýazyjy 1948-nji ýylyñ 6-njy oktýabr gijesi bolup geçen aýylganç Aşgabat ýer titremesinde wepat bolýar. Hajy Ysmaýylowyñ türkmen edebiýatyndaky bitiren uly işlerini, döreden gymmatly eserlerini, çeper terjimelerini göz öñünde tutup, Türkmenistan Garaşsyzlygyny alanyndan soñra, oña "Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy" diýen hormatly at dakyldy. Aradan çykan wagtyndan 68 ýyl soñra türkmen halkynyñ şol ýowuz gije wepat bolanlary ýatlaýan güninde ussat ýazyjy Hajy Ysmaýylowy hem hormat bilen ýatlaýarys. Eserleri: 1. "Gopuzlyja gyz"; 2. "Mugallymyñ gyzy"; 3. "Iki atanyñ bir ogly"; 4. "Bäsdeşler"... * * * Taýýarlan: Has Türkmen.