Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýyly mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary geçirilýär. Ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen TMÝG-niň Abadan etrap geňeşiniň etrabyň sport mekdebinde sport bilen meşgullanýan 14-16 ýaş aralygyndaky ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen basketbol ýaryşy örän gyzykly boldy. Sagdyn ruhly, hyjuwly ýaşlarymyz bu ýaryşa uly höwes bilen gatnaşdylar. Toparlar arasyndaky bäsleşik örän çekeleşikli boldy. Ýaryş ezberleri öňe saýlady. Üstünlikli çykyş eden oýunçylar etrap ýaşlar guramasynyň sowgatlarynya mynasyp boldular.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir