Ýurdumyzyň künjeklerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp gurulýan medeni köpçülikleýin çäreleri giň gerimde dowam edýär. TMÝG-niň Abadan etrap Geňeşi tarapyndan surat çekmek bilengyzyklanýan ýaşlaryň arasynda hem döredijilik bäsleşigi geçirildi. “Suratda suratyň çeper öwüşgini bar” diýen at bilen guralan surat bäsleşigine ýaşlar uly ruhybelentlik bilen gatnaşdylar. Älemgoşar reňkler arkaly çekilen suratlaryň onlarçasy bäsleşige hödürlendi. Ýaş suratçylar Aýnagözel Ataýewa, Süleýman Kadyrow, Kümüş Baýramgulyýewa dagynyň sünnälik bilen çeken suratlary ýeňişli orunlara mynasyp boldy. Ýeňijilere etrap ýaşlar guramasynyň sowgatlary gowşuryldy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir