«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmeklige uly üns berýär. Bu ugurda döwrebap saglyk merkezleri gurlup, ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ulanylmaga berlen Halkara okuw-ylmy merkezinde ýurdumyzda lukmançylyk bilminiň derejesini ýokarlandyrmak, ylmy barlaglary geçirmek, näsaglara ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek üçin dürli görnüşli türgenleşdirijileri (simulýatorlary) ulanmak arkaly saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Bu ýerde talyplar, ordinatorlar, lukmanlar we beýleki hünärmenler bilim derejelerini kämilleşdirýärler, wajyp taslamalary işläp düzmek bilen meşgullanýarlar, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary synagdan geçirmek arkaly saglygy goraýyşda gazanylan dünýä tejribelerini öwrenilmeginiň özi hem ynsan saglygyny goramaga giňden ýardam edýär. Şeýle-de, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň tejribesi esasynda ylmy barlaglar hem ýola goýuldy. Merkezde oturdylan iň döwrebap enjamlaryň kömegi bilen dürli çylşyrymly genetiki, molekulýar barlaglar geçirilýär. Munuň özi dürli keselleri, ýokançlary wagtynda anyklamaga uly mümkinçilik berýär. Halkara okuw-ylmy merkezinde dünýäniň iň täze gazanan enjamlary bilen üpjün edilen, döwrebap ylmy-anyklaýyş barlaghanalar hem hereket edýär. Bu ylmy-anyklaýyş barlaghanalarda ylmy barlaglar we derňewler alnyp barylýar. Bellemeli esasy zatlaryň biri hem merkezde iň täze döwrebap enjamlar bilen geçirilýän barlaglar örän takyk netijäni görkezýär. Molekulýar genetika ylmy-anyklaýyş barlaghanada nesilden-nesle geçýän genetiki keseller, irki göwrelilikde düwünçek patologiýalary şeýle-de, dürli derman serişdelerine duýgurlygy anyklamaga giň mümkinçilikler bar. Bu barlaghananyň täze ýola goýulan barlaglarynyň biri DNK barlagydyr. Bu barlagyň esasy maksady şahslaryň arasyndaky garyndaşlyk derejesini, atalygy kesgitlemekden ybaratdyr. Mundan başga-da barlaghanada kesel dörediji wiruslaryň iň kämil we takyk PZR barlaglary geçirilýär. Sitogenetika barlaghanasynda bolsa kariotipirleme ýagny, adamyň hromosom toplumynyň hilini we mukdaryny elektron mikroskoplaryň kömegi bilen barlamaklyk giňden ýola goýulan. Barlagyň esasy ähmiýeti bolsa, täze doglan çagalarda we ýetginjeklerde hromosom näsazlyklary bilen baglanyşykly ýüze çykýan keselleri irki döwürde anyklamak we olara dogry bejergi bermek bolup durýar. Autoimmun kesellerini anyklamak, allergenleri ýüze çykarmak, giňişleýin ganyň umumy barlagy, beloklaryň, immunoglobulinleriň, immunofermentleriň barlaglary, gormonlary, onko markýorlary hem-de ganazlygy anyklamak işleri biohimiki we gematologiki ylmy-anyklaýyş barlaghanada geçirilýär. Barlaghanada oturdylan «Phadia 250» enjamy ýurdumyzda ilkinji gezek merkezde ornaşdyrylyp, abzalyň esasy aýratynlygy anyklaýşy kyn bolan keselleri: bagryň, galkan şekilli mäziň, süňk-bogun ulgamynyň autoimmun kesellerini, allergiki ýagdaýlary dörediji sebäplerini giň göwrümde anyklamaga mümkinçilik berýär. Ol birbada 50 sany nusgalyklary kabul edip, 700-den gowrak allergenleriň (allergiýa dörediji maddalary) görnüşlerini kesgitläp bilýär. Sitologiýa barlaghanada bolsa immunogramma barlagy, ýöriteleşdirilen PAP-Test barlagy, aýal kesellerinde deri örtüginden, galkan görnüşli mäzinden, süýt mäzinden, limfa düwünlerinden, endoskopiki we kolonoskopiki, ýumşak dokumadan, süňk we süňk ýiliginden, operasion materialyndan biopsiýadan, öýkende we garyn boşlugynda toplanan suwuklygyndan alnan materiallaryň sitologiki barlaglary geçirilýär. Patomorfologiýa ugrunda gistohimiýa, gistomorfometriýa barlagy, çylşyrymly gistologiýa – sitomorfometriýa, ýadrojyklaryň analizatorlaryny kesgitlemek, dekalsinasiýa edilen süňkleriniň gistologiki barlagy alnyp barylýar. Metabolizm ugrunda fenilketonuriýa, immunosupressorlary, käbir derman serişdeleriniň konsentrasiýasy anyklanylýar, agyr metallaryň, adrenaliniň we noradrenaliniň mukdary kesgitlenilýär. Şeýle hem, aminokislotalaryň 40-dan gowragy barlanylýar. Şeýle-de bu bölümde täze barlag görnüşi, ýagny D witaminiň ähli görnüşlerini anyklamaklyk ýola goýuldy. Bu barlagyň ähmiýeti hakynda aýtsak, witamin D adam bedeniniň ösmegi üçin örän zerurdyr. D witaminiň bedende ýetmezçiligi dürli keselleriň, ýagny osteoporoz keseliniň (süňkleriň gowşaklygy, döwük ýenjigiň haýal bitmegi, süňkleriň dykyzlygynyň peselmegi) howply täze döremeleriniň, çagalarda rahit keseliniň ýüze çykmagyna getirýär. Bu witaminiň ýetmezçiliginiň alamatlary — ösüşiň haýallamagy, gorkaklyk, çagalaryň ynjalyksyzlygy, ukuda tisginip turmaklyk ýaly ýagdaýlar, çagalarda kelle süňkleriniň ýumşamagy, beýnijigiň wagtynda berkemezligi, döş kapasasynyň görnüşiniň üýtgemegi, myşsalarda çeýeligiň we işjeňligiň peselmegi, çagalarda fiziki ösüşiň yza galmagy, dişleriň giç çykmaklygy, işdäniň bolmazlygy we agramyň azalmagy, sary gaýnama, ukusyzlyk, görşiň peselmegidir. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda bedeniňizdäki D witaminiň barlagyny geçirmelidir. Elbetde, siz bu barlagdan biziň merkezimiziň barlaghanalarynda geçip bilersiňiz. Çünki, merkezde oturdylan iň häzirkizaman enjamlar ähli barlaglary takyk we gysga wagtda geçirmäge mümkinçilik berýär. Merkezde ornaşdyrylan ähli barlaghana enjamlary dünýäniň iň ösen, ýokary tehnologiýalaryna gabat gelýär. Mysal üçin, bu ýerde bar bolan biohimiki analizatoryň esasy aýratynlygy birnäçe barlag modullaryny: biohimiki, elektrolit, glikolizirlenen gemoglobini öz içine almak bilen, üç enjamyň edýän işini bir özünde jemleýär. Enjam bir sagadyň dowamynda 400 barlagy amala aşyrýar we ulanylan nusgalyklary daş töwerege howpsuz ýagdaýda çykarýar. «BEP 2000» awtomatiki analizatory bolsa, hemme kesel dörediji wiruslaryň görnüşlerini anyklamaga niýetlenip bir wagtda, birnäçe barlaglary geçirmek ukyby bilen tapawutlanýar. Bu bolsa lukmanlara gysga wagtda keselleri anyklap bejergä başlamaga ýardam berýär. Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasynyň «Centaur» analizatory bolsa, immunoferment barlaglaryny awtomatiki ýagdaýda ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Enjam ýokary hilliligi, takyklygy, tizligi bilen tapawutlanyp, gysga wagtda giň göwrümde ganazlygyň, onkologiýa we ýürek kesellerinde markýorlary anyklamak, derman serişdeleriniň gözegçiligi ýerine ýetirýär. Bu geçirilýän barlaglar ýurdumyzda ýaş alymlaryň, lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleriniň bilimlerini artdyrmaga we Türkmenistanyň lukmançylyk ylmyny ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Halkyň saglygyny goramakda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir