Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän ýokarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda durmuşa geçirilýän bu işler milli saglyk ulgamynyň düýpli döwrebaplaşmagyna alyp barýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen ilatyň saglygyny üpjün etmekde we keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasy», «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Ösümlikden gelip çykan iýmit önümlerinde we beýleki biologiki materiallarda gen derejesinde barlaglary geçirmek maksady bilen, hakyky wagt düzgüninde polimeraz zynjyrly reaksiýa barlagy, şeýle hem immunoferment, hromatografiýa, spektrometriýa barlag usullary gullugyň işine ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, iýmit önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik etmek maksady bilen, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralary, olaryň sertifikatlaşdyrylmagyny we döwlet gözegçiligini amala aşyrýar. Azyk önümlerinde adamyň saglygy üçin howply, ýurdumyzda gadagan edilen iýmit goşundylarynyň barlygyna gözegçilik güýçlendirildi. Türkmenistan 2012-nji ýylda BSGG/OHHG Kodeks Alimentarius Toparynyň agzasy boldy. Häzirki wagtda iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalar Kodeks Alimentariusyň standartlaryna laýyk getirilýär. Gullugyň öňünde durýan esasy wezipeler we borçlar– keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, ilaty sagdyn iýmit önümleri bilen üpjün etmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda öndürilýän iýmit duzuny ýod bilen we unuň ýokumyny demir we foliý turşusy bilen güýçlendirmek çäreleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzda UNICEF bilen hyzmatdaşlykda halkara standartlara laýyklykda geçirilýän bu döwletli çäreleriň netijesinde, uly üstünlikler gazanyldy. Ýurt derejesinde geçirilýän giňişleýin we netijeli öňüni alyş çäreleriň netijeleri ýokanç däl keselleriň, ýagny ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselleriň we anemiýanyň derejesiniň peselmegine getirdi. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we UNICEF bilen agyz suwunyň we iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy, şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça yzygiderli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ilata berilýän agyz suwuna bolan talaplar düýpgöter üýtgedilip, döwrebap arassalanan agyz suwuny öndüriji köpsanly kärhanalar işe girizildi. Şeýlelikde, kepillendirilen arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ilatyň saglygyna gönüden-göni täsir edip, suw bilen baglanyşykly ýüze çykýan birnäçe keselleriň aradan aýrylmagyna getirdi. Ýurdumyzda ýokanç kesellere epidemiologýa gözegçiligi ulgamy doly ýola goýuldy we ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Bu meselede ileri tutulýan ugurlaryň biri–waksinalar bilen öňüni alyş çäreleriniň amala aşyrylmagydyr. Bu babatda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklanylan «2003-2020-nji ýyllar döwür üçin Immuno öňüni alyş Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça waksina we sanjym serişdeleriniň satyn alynmagy döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar. Häzirki wagtda çagalara öňüni alyş sanjymlary BSGG-sy tarapyndan güwanamalaşdyrylan ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýär. Sowuklyk zynjyrynyň ulgamy berkidildi we kämilleşdirildi. Öňüni alyş sanjymlaryň milli tertibine laýyklykda, çagalar tölegsiz esasda 10 sany ýokanç kesellere garşy, ýagny: gökbogma, difteriýa, bürmä, «B» gepatite, «b» görnüşli gemofil ýokanjyna, gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma, inçekesele we poliomiýelite garşy waksinalary alýarlar. Çagalaryň sanjym bilen gurşawy 95%-den ýokary derejelerde saklanýar. 2016-njy ýylda öňüni alyş sanjymlaryň milli tertibine iki sany täze waksina sanjymy, ýagny adamyň papilloma wirusyna garşy we inaktiwirlenen poliomiýelite garşy sanjym görnüşli waksina girizildi. Oňat hilli öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi we waksinalar bilen dolandyrylýan ýokançlara netijeli epidemiologiýa gözegçiliginiň utgaşdyrylmagy uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Mysal üçin, käbir ýokanç keseller doly ýok edildi we difteriýa, bürme, gökbogma, hapgyrtma we beýleki waksinalar bilen dolandyrylýan ýokançlar bilen bagly keselçilik düýpli peseldi. 2002-nji ýylda «Ýurtda ýabany poliowirusyň sirkulýasiýasynyň ýok edilmegi barada Güwanama» alyndy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary boýunça «Türkmenistanda gyzamygyň we dogabitdi gyzylja ýokanjynyň öňüni almak» maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we häzirki wagtda ýurdumyz gyzamygyň we gyzyljanyň eliminasiýasy boýunça güwänamany aldy. Türkmenistan BSGG-nyň Ýewropa sebitiniň «2015-nji ýylda gyzzyrma garşy göreşden eliminasiýasyna geçmek» hakyndaky strategiki meýilnamasyny goldamak we ony kabul etmek bilen, bu babatdaky çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde, BSGG-sy tarapyndan 2010-njy ýylda gyzzyrmanyň eliminasiýasyny gazanan ýurtlaryň sanawyna goşuldy. Bakterial, wirusly we parazitologiki keselleri anyklamak boýunça ýurdumyzyň barlaghanalary ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Halkara derejelerinde amala aşyrylýan keselleriň öňüni alyş işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda «Lukmançylyk galyndylary bilen howpsuz işlemek boýunça Milli maksatnama» işlenilip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iň wajyp wezipeleriniň biri-de, ýurdumyzyň çäklerini aýratyn howply ýokanç keselleriň getirilmeginden gorap saklamakdyr. Şeýlelikde, hemme döwlet serhet geçelgelerinde howa, demir we awtomobil ýollarynda arassaçylyk-karantin bölümleri we nokatlary gije-gündiz hereket edýär. Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň halkara howa menzillerinde, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunda daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň saglygyna gözegçilik etmek maksady bilen, uzak aralykdan adam bedeniniň gyzgynlygyny ölçeýän «Terokam» enjamy gurnaldy. Türkmenistanyň çäkleriniň sanitariýa goragy Halkara saglygy goraýyş-arassaçylyk düzgünleriniň (2005 ý.) çäklerinde üpjün edilýär we biziň döwletimiziň çäginde ýokanç keselleriň daşyndan getirilmeginden arassaçylyk-keselleriň ýaýramagyna garşy abadançylygy saklanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň hemişelik aladasy netijesinde, gullugyň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň hereket edýän binalarynyň durkuny düýpli täzelemek we täze binalaryny gurmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iň täze enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi gurlup ulanmaga berildi. Bu täze merkeziň işi ilatyň saglygyna durmuş we biologik şertleriň täsiri babatda ylmy barlaglaryň alnyp barylmagyna, ekologiýa taýdan arassa iýmit tehnologiýalarynyň we sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň taýýarlanmagyna gönükdirilendir. Biondikasiýa usullary arkaly daşky gurşawy barlamak, iýmit önümlerine, şol sanda daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilýän azyk önümlerine gözegçiligi kämilleşdirmek, arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş ulgamynyň kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelýän ylmy esaslary işläp taýýarlamak merkeziň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Ýene bir desga — Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi paýtagtymyzda täze bina bolýan desgalaryň nobatdakysydyr. Ol hem Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň häzirki zaman derejesindäki merkezidir. Merkeziň işiniň baş maksady — Türkmenistanyň çägine aýratyn howply keselleriň getirilmegine we ýaýramagyna garşy göreşmekden ybarat.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir