Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesillermiziň her bir güni şadyýan, gyzykly pursatlara baý. Ýurdumyzda ençeme mekdepler, çagalar baglary ulanylmaga berilýär.Ynha şolaryň biri hem paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän, 161-nji çagalar bagydyr. Bu çagalar bagynda, körpejeler üçin ähli mümkinçilikler bar. Olardan kampýuter otagy, aýdym-saz otagy, sport zaly, çagalaryň berk bedenli, sagdyn ruhybelent bolmagy üçin ýörite suw howuzy hem bar. Çagalar bagynyň daşynda hem çagalar üçin niýetlenen birnäçe oýun meýdançalary bar. Golaýda bu çagalar bagynda, Çagalary goramagyň Halkaragüni mynasybetli “Garaşsyz Watanmyzyň bagtyýar körpeleri” atly aýdym-sazly bäsleşikli çäre giçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň we Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilelikde gurady. Çäre körpeler özleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen çykyş etdiler. Soňra olaryň sport bäsleşikleri bilen jemlendi. Bu çäre örän gyzykly we täsirli geçdi. Çäräniň ahyrynda körpejelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýaşlarymyza, körpejelerimize, halkymyza bu ajaýyp zamanany peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde uly üstünlikler hemra bolsun.

Köneler, Amantalyp tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir