Ýakynda Türkmengazaragatnaşyk müdirliginiň mejlisler jaýynda parahorlugyň we korrupsiýanyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmengazaragatnaşyk müdirliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň we Köpetdag etrap polisiýa, Köpetdag etrap prokuraturasynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde eden çykyşyny doly goldaýandyklaryny, her bir adamyň öz ornunda durup, jemgyýetimiziň sagdynlygyna uly zyýan ýetirýän parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmekde aýgytly göreş alyp barmalydygyny bellediler. Şeýle duşuşyk Türkmengazaragatnaşyk müdirliginde geçirildi. Oňa “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgiýetiniň (ÝGPJ), degişli toplumyň kärdeşler arkalaşygynyň işgärleri we wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň abraýynyň halkara möçberinde artyşy, milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň daşary ýurtlarda goldanylyşy, sagdyn-durmuş ýörelgesi hakynda hem çykyş edildi.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir