Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň 8-nji orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, Köpetdag etrap häkimliginiň hem-de Aşgabat şäheriniň polisiýa müdürliginiň 4-nji bölümi tarapyndan “Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir ”atly bilim alýan talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Bilim pudagynda gazanylýan üstünlikler hem ýurdumyzyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilimli ýaşlar biziň ýurdumyzyň gelejegidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar baradaky edýän aladalarynyň esasy bölegi hem olaryň, ilkinji nobatda, sowatly, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup, Watanymyzyň geljegi üçin gerekli adamlar bolup ýetişmegidir. Çykyş edenler ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesiliň Watana, il-ýurda wepaly bolmagy üçin ähli döwrebap şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sagdyn nesil bolup ýetişmegi üçin hem ýurdumyzda ähli şertleri döredildi. Ýaşlar eziz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly bolmak bilen, bu atalyk alada joşgunly zähmetleri bilen jogap berýärler.

Köneler, Amantalyp tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir