Golaýda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şähriniň Köpetdag etrap Geňeşi hem-de Köpetdag etrap häkimligi bilen gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasibetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň wekilleri, bilim işgärleri gatnaşdy. Dabarada çykyş eden ýazyjy-şahyrlar bilen gyzykly söhbetdeşlik guraldy, şahyrlar öz döreden şygyrlary bilen köňüllere ylham paýladylar, goşa baýramçylyk mynasybetli mähirli gutladylar.Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işlerinden, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyndan ylham alan şirin aýdymlar juwan köňülleriň joşguny bolup ýaňlandy. Orkestr toparynyň sazandalyk etmeginde ýerine ýetirilen tansly çykyş, hor toparynyň aýdymy, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň şirin owazly aýdymçylary hemmeleri ruhubelentlik döretdi. Medeni-işewürlik merkeziniň folklor toparynyň gazallary we küşt depmeleri tomaşaçylara lezzet bagyşlady. Şirin owazly ýaşlaryň aýdymlarynda we joşgunly tanslarda ata Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, bagtyýarlyk döwrümiziň, ýaşlygyň waspy ýetirildi. Çykyşlaryň soňunda ýaňlanan “Arkadag” atly aýdyma hemmeler ses goşdy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli öňdebaryjy zähmet çekýän ýaşlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Köneler, Amantalyp tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir