Golaýda şeýle at bilen “Bagtyýarlygyň röwşen şuglasy” Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi bilen etrap häkimligi bilelikde guramagynda Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirliginiň Saglygy goraýyş habarlar merkeziniň,etrabyň hukuk goraýjy edaralaryň degişli wekilleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli,hünärli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi barada yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar. Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýylynda etrabyň çäginde ýerleşýän saglyk we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmak bilen milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmalydyklary, Watanymyzyň mynasyp ýaşlar bolup ýetişmelidikleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Köneler, Amantalyp tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir